Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň üç sportsmeni doping barada maglumatlary paş eden öňki orsýet resmisini suda berdi


Grigoriý Rodçenkow

Orsýetiň üç sportsmeni ýurtdaky doping meselesi barada maglumatlary paş eden öňki orsýet resmisini suda berdi. Orsýetiň dopinge garşy laboratoriýasynyň öňki müdiri Grigoriý Rodçenkowyň görkezmeleriniň yzýany ýüzlerçe atletiň bäsdeşliklere gatnaşmagy gadagan edilipdi we olaryň karýeralaryna zeper ýetipdi.

20-nji fewralda sportsmenler Nýu Ýorkyň sudunda Rodçenkowa garşy 30 million dollarlyk işi gozgadylar. Rodçenkow ABŞ-da ýaşaýar. Onuň aklawçysy Jim Walden müşderisine garşy gozgalan işi “başa barmajak akmak pirim” diýip atlandyrdy we “Rodçenkowyň hakykaty paş etmekligi we ýalňyşlyklara garşy çykyşlary batyrlyk dowam etdirmek kararyna” täsir ýetirmejegini belledi.

“The New York Times” neşri Rodçenkowa garşy sud işiniň gozgalmagyna “Brooklyn Nets” basketbol klubunyň eýesi orsýetli oligarh Mihail Prohorowyň maliýe ýardam edendigini habar berdi.

Grigoriý Rodçenkowyň Orsýetde atletleriň doping ulanmagynyň döwlet tarapyndan goldanmagy bardaky maglumatlary 2015-nji ýyldan bäri Dopinge garşy halkara agentligi we Halkara Olimpiýa komiteti tarapyndan derňelip gelýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG