Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan resmileri TOPH-yň owgan böleginiň düýbüni tutmak dabarasyna taýýarlanýarlar


TOPH gazgeçirijisiniň Owganystana degişli böleginiň gurluşygyna başlamak boýunça dabaranyň öňüsyrasynda, Hyrat, 20-nji fewral, 2018.
TOPH gazgeçirijisiniň Owganystana degişli böleginiň gurluşygyna başlamak boýunça dabaranyň öňüsyrasynda, Hyrat, 20-nji fewral, 2018.

Owgan häkimiýetleri TOPH gazgeçirijisiniň Owganystana degişli böleginiň gurluşygyna başlamak boýunça dabara uly taýýarlyk görýärler.

Owganystanyň habar serişdeleri 23-nji fewralda Hyrat şäherinde geçiriljek dabara dört ýurduň liderleriniň gatnaşjakdygy aýdylýar. Türkmenistanyň prezidentiniň Hyrata 70 adamdan ybarat resmi topar bilen bilelkde barjakdygy, Pakistanyň we Hindistanyň ýolbaşçylarynyň öz ýany bilen 30 çemesi adamdan ybarat delegasiýalary alyp barjakdygy habar berilýär.

Owgan hökümeti türkmen gazyny Owganystanyň üstünden Pakistana we Hindistana akdyrmak üçin niýetlenen TOPH gazgeçirijisinden ýylda 400 million dollar möçerinde tranzit girdejilerine eýe bolmagy göz öňünde tutýar.

Umumy uzynlygy 1814 kilometrlik TOPH, Türkmenistanyň Galkynyş gaz ýatagyndan Hindistanyň Penjap ştatyndaky Fazilka şäherine gaz eltmeli.

Gazgeçirijiniň kuwwaty ýylda 33 milliard kub metr gazdan ybarat bolup, ol gazdan Pakistanyň we Hindistanyň hersi 14 milliard kub metrini, Owganystan bolsa galan 5 milliard kub metrini satyn almagyna garaşylýar.

Türkmenistan 2015-nji ýylda düýbi tutulan umumy bahasy 10 milliard dollar çemesi kesgitlenen TOPH proýektini esasan öz hasabyna (85%) maliýeleşdirýär.

XS
SM
MD
LG