Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow awtomobil ulaglary ministrine käýinç berip, täze awtoterminallary gurmagy tabşyrdy


Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 19-njy fewralda geçiren wideoşekilli iş maslahatynyň dowamynda ýurduň awtomobil ulaglary ministrine käýinç yglan etdi we oňa her welaýatda täze awtoterminal gurmak boýunça tabşyryk berdi. Bu barada Türkmen döwlet habarlar (TDH) agentligi habar berýär.

Mundan öň, hususan-da geçen ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Aziýa oýunlaryndan öň, prezident Berdimuhamedow Aşgabadyň töwereklerinde we paýtagtyň içinde ulaglary goýmak üçin köp ugurly awtoduralgalary gurmagy buýurdy we welaýat ulaglarynyň paýtagta girmegi, aşgabatlylaryň maşynlaryny öýleriniň ýanynda goýmagy çäklendirildi.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki TDH habar agentliginiň maglumatyna görä, prezident Berdimuhamedow 19-njy fewraldaky maslahatda ulag toplumynda häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň depgininden nägile bolup, “gulluk borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän işde goýberen kemçilikleri” üçin awtomobil ulaglary ministri M. Aýdogdyýewe käýinç berdi, hem-de oňa her welaýatda täze awtoterminal gurmak boýunça görkezme berdi.

Şeýle-de, prezident “awtoduralgalaryň abadanlaşdyrylmagynyň hem-de ýolagçylara döwrüň talaplaryna laýyklykda medeniýetli hyzmat edilmeginiň zerurdygyny aýtdy” diýip, TDH habar berýär.

Ministriň goýberen kemçilikleri barada jikme-jik maglumat berilmese-de, hökümet baştutanynyň ýolagçylara medeniýetli hyzmatyň hödürlenmelidigi barada aýratyn nygtap geçmegi bu toplumdaky käbir ýetmezçilikler hakynda pikir berýär.

Mysal üçin, golaýda soňky bir ýylyň dowamynda paýtagt bilen welaýatlaryň administratiw merkezleriniň arasynda ýola goýlan ýolagçy awtobuslarynda uzak aralyga syýahat edýän adamlaryň ilkinji amatlyklarynyň, iň zerur hajatlarynyň gözden salynýandygy barada habarlar peýda bolupdy.

Şol bir wagtyň özünde, geçen ýyl aýaklanda ýurduň käbir welaýatlarynda awtobus gatnawlarynyň selçeňleşmegi, ýatyrylmagy ýa-da ýol kireýleriniň gymmatlamagy barada habarlar ýaýrapdy.

Şeýle-de, döwlet eýeçiligindäki medianyň habarynda käýinç yglan edilen awtomobil ulaglary ministri Aýdogdyýewe her welaýatda awtoterminal gurmak boýunça görkezmäniň berlendigi aýdylýar.

Ýöne, Türkmenistanda energiýa nyrhlarynyň global arzanlamagy netijesinde dörän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, welaýatlarda gurulmaly awtoterminallar üçin ýurduň býujetinden sarp edilmeli serişdeleriň mukdary barada anyk maglumatlar aýdylmaýar.

Gepiň gerdişine aýdylsa, Halkara Walýuta Fondunyň ekspertler toparynyň 2017-nji ýylyň 1-nji 8-nji noýabr aralygynda Aşgabada eden saparynyň netijesinde, halkara pul edarasy Türkmenistana döwlet inwestisiýalaryny azaltmagy maslahat beripdi. Şeýle-de onda, “türkmen ykdysadyýeti nebitiň we gazyň pese gaçan bahalaryna uýgunlaşmaga dowam edýär” diýlipdi. HWF-nyň Türkmenistana nobatdaky konsultasiýa missiýasynyň 2018-nji ýylyň fewral aýynda geçirilmeginiň meýilleşdirilendigi edaranyň ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG