Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda söweşijileriň hüjümlerinde azyndan 10 adam wepat boldy


Owganystanyň kartasy

Owganystanyň Gazni we Zabul welaýatlarynda bolan aýra-başga hadysalarda azyndan 10 adam wepat boldy diýip, resmiler 22-nji fewralda habar berdi.

“Gynansak-da, sekiz sany ýerli polisiýa wekili öldürildi we biri ýaralandy” diýip, welaýatyň häkiminiň metbugat wekili Arif Noori 22-nji fewralda “Talyban” toparynyň söweşijileriniň Gazni welaýatynyň Deh Yak etrabynda polisiýa bölümine eden hüjüminiň yzýany aýtdy.

Howpsuzlyk güýçleri hem agyr ýitgili hüjümiň bolandygyny habar berdi, emma adam pidalarynyň sany barada maglumat bermedi.

“Talyban” toparynyň metbugat wekili Zabihullah Mujahid hüjüme jogapkärdigini aýdyp, bir polisiýa ofiserini zamun alandygyny we dokuzysyny öldürendigini habar berdi.

Zabul welaýatynyň Sewraý etrabynda ýolda goýlan bombanyň partladylmagy zerarly, iki raýat wepat boldy we ýene ikisi ýaralandy.

XS
SM
MD
LG