Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat-Daşkent howa gatnawynyň martda dikeldilmegi planlaşdyrylýar


Aşgabadyň halkara aeroporty, ýanwar, 2018
Aşgabadyň halkara aeroporty, ýanwar, 2018

Türkmenistan we Özbegistan özara howa gatnawyny martda dikeltmegi planlaşdyrýarlar diýip, media serişdeleri türkmen resmilerine salgylanyp habar berýärler.

“Häzir biz Aşgabat-Daşkent göni reýsi açmagyň ugrunda batly işleşýäris. Irki maglumatlara görä, ol, hepdede iki gezek amala aşyrylar. Onuň başlanmagy mart aýyna planlaşdyryldy” diýip, Sputnik neşri Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şiri Şiriýewe salgylanyp habar berýär. Maglumata laýyklykda, ilkinji tapgyrda diňe “Türkmenhowaýollarynyň” uçarlary hyzmat eder.

“Geljekde haýyrlylygyna görä, reýsleriň ýyglygy köpeldilip bilner, uçuşlaryň bir bölegini özbek tarapy öz üstüne alar” diýip, türkmen diplomaty aýdypdyr.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky howa gatnawy 2013-nji ýylda ýatyrylypdy.

Mundan öň Türkmenistanyň döwlet awiakompaniýasynyň Aşgabat-Daşkent-Aşgabat reýslerini 2017-nji ýylyň aýagyna çenli ýola goýmagy planlaşdyrýandygy mälim edilipdi.

XS
SM
MD
LG