Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Regional liderler TOPH-yň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berdi


Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga beriljek sebitde ýerleşdirilen nyşan.
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga beriljek sebitde ýerleşdirilen nyşan.

23-nji fewral güni regional liderleriň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Mary welaýatynyň Serhetabat şäherinde umumy bahasy dürli metbugat serişdelerinde 8-10 milliard dollara barabardygy habar berilýän Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berildi.

Regional ösüş maksatnamalaryna goşant goşjakdygy aýdylýan bu taslamanyň Owganystanyň çäginden çekiljek böleginiň gurluşygyna “ak pata bermek” dabarasyna Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani, Pakistanyň premýer-ministri Şahid Hakan Abbasi, Hindistanyň daşary işler boýunça döwlet ministri Mübaşir Jawed Akber gatnaşdy.

Agzalýan halkara gaz geçirijisi arkaly energiýa çeşmelerine baý Türkmenistan Owganystanyň üsti bilen öz gazyny Pakistana we Hindistana eksport eder.

Türkmenistan tebigy gaz gorlarynyň göwrümi boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär. Ýöne, Türkmenistanyň iri energiýa hyzmatdaşlaryndan biri bolan Orsýet 2016-njy ýylda bu ýurtdan gaz importyny bes edensoň, şeýle-de Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda gaz bilen bagly söwda gatnaşyklaryna 2017-nji ýylyň ilkinji günlerinde “çigin düşensoň”, türkmenler öz gazyny eksport etmekde esasan Hytaýa garaşly galdy.

TOPH gaz geçirijisi Türkmenistana Aziýada başga müşderilere gaz satmaga mümkinçilik berer we şol bir wagtyň özünde onuň Pekine bolan garaşlylygyny gowşadar. Türkmenistan Pekine ýylda 35 milliard kub metr gaz eksport edýär.

Resmi metbugatyň habarlarynda-da, TOPH proýektiniň ýurduň halkara energiýa söwda ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça alyp barýan tagallalaryň çäginde durmuşa geçirilýändigi aýdylýar. Reutersiň maglumatlarynda, bu taslamanyň regional ösüş maksatnamalaryna goşant goşmagyna garaşylýandygy bellenilýär.

Pakistanyň premýer ministri Abbasi dabarada eden çykyşynda: “TOPH taslamasy soňlugy bilen energiýa we aragatnaşyk koridoryna öwrüler” diýdi we “energiýa üpjünçiligi bilen bir hatarda bu gaz geçiriji ýurtlaryň arasyndaky demirýol we aragatnaşyk mümkinçilikleriniň ösüşine ýardam berer” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Dünýäniň iň uly ikinji gaz ýatagy bolan Galkynyş käninden Pakistanyň demirgazyk Hindistan bilen araçäkleşýän Fazilka şäherine çenli uzynlygy 1840 kilometr boljak bu taslamanyň kömegi bilen ýylda 33 milliard kub metr gazyň akdyrylmagyna garaşylýar.

“Bir asyrlap uzaga çeken aýraçylykdan soň Günorta Aziýa Owganystanyň üsti bilen Merkezi Aziýa birikdirilýär” diýip, owgan prezidenti dabarada çykyş etdi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Aziýanyň ösüş bankynyň goldamagyndaky TOPH proýektiniň durmuşa geçirilmegine Türkmenistan 90-njy ýyllardan bäri isleg bildirip gelýärdi. Ýöne, Owganystandaky ýagdaýlar sebäpli bu taslama şu wagta çenli yza tesdirilip gelindi.

Howpsuzlyk aladalary

Muňa garamazdan, käbir bilermenler bu taslamanyň howpsuzlyk jähtden saldamlylygyna ikirjiňli çemeleşýärler. Mysal üçin, Merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Pannieriň pikirine görä Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýlarynyň ýaramazlaşmagy taslamanyň gurluşygyna oňaýsyz täsir eder:

“TOPH-yň Owganystanyň üstünden çekilmeginiň nä derejede aňsat boljagy ýa-da umuman bu taslamanyň amala aşyp aşmajagy barada mydama-da şübheler bardy. 10 ýyl mundan ozal belki bolardy, ýöne soňky üç ýylyň dowamynda ol ýerde howpsuzlyk ýagdaýlary has-da ýaramazlaşdy”

23-nji fewralda “Talyban” TOPH boýunça hyzmatdaşlyk etjekdigini wada berip, beýanat ýaýratdy we bu taslamanyň Owganystanyň ykdysady infrastrukturasyny dikeltmekde ähmiýetlidigini belledi.

Ýöne ekspertiň pikirine görä ol ýerde howpsuzlyga diňe “Talyban” wehim salmaýar, eýsem başga-da dürli ekstremist toparlar barada gürrüň gidýär.

“Hökümet howpsuzlyk boýunça käbir kepillikleri berip bilýändir, hatda “Talyban” topary, onuň şahalary hem bu proýekti sabotaž etmejekdigini aýdýar. Ýöne ol ýerde diňe “Talyban” ýok, başga-da toparlar bar. Şol sebäpden, eýsem bu gaz geçirijiniň türkmen serhedinden tä Pakistanyň araçägine çenli 774 kilometrlik owgan territoriýasyndan çekilmegi boýunça bir topar soraglar bar”, diýip Merkezi Aziýa boýunça ekspert belledi.

Azatlyk Radiosynyň Owganystandaky ýagdaýlary ýakyndan yzarlaýan Kabuldaky habarçysy Şaýmerdanguly Myrady hem howpsuzlyga ünsi çekýär:

“Umuman, Owganystan barada aýdylanda, tutuş Owganystany alanyňda howpsuzlyk ýagdaýlary soňky günlerde has-da ýaramazlaşdy. Günorta-günbatar Owganystanda-da howpsuzlyk şertleri o diýen kadaly däl. Ýöne şu gün TOPH proýektiniň Owganystan böleginiň açylyş dabarasy boldy, dabara kynçylyksyz geçirildi, onda hiç hili ýaramaz ýagdaýlar ýüze çykmady. Hyrat welaýatynda howpsuzlyk ýagdaýlary o diýen ýaramaz däl emma günbatar-günorta Owganystanda, gaz geçiriji trubalaryň çekiljek ýerlerinde howpsuzlyk şertleri umuman gowy diýip aýtmak mümkin däl” diýip, Azatlygyň Kabuldaky habarçysy Şaýmerdanguly Myrady aýdýar.

TOPH transmilli gaz taslamasynyň Türkmenistan böleginiň gurluşygyna 2015-njy ýylyň dekabr aýynda proýekte gatnaşýan dört ýurduň ýokary derejeli resmileriniň gatnaşmagynda uly dabara bilen badalga berlipdi. Durmuşa geçirilýän proýekt bilen bagly bilermenleriň öňe sürýän howpsuzlyk we maliýe kynçylyklaryň fonunda, taslamanyň gurluşygynyň üstünlikli tamamlanmagy bilen 2020-njy ýyla çenli degişli ýurtlara türkmen gazynyň akdyrylmagy göz öňünde tutulýar.

XS
SM
MD
LG