Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanyň öňki baş prokurory tussag edildi


Özbegistanyň öňki baş prokurory Raşid Kodirow

Özbegistanyň häkimiýetleri prezident Şawkat Mirziýoýewiň administrasiýasy tarapyndan ýurduň ýokary derejeli resmileriniň arasynda geçirilýän arassalaýyşlaryň dowamynda ýurduň öňki baş prokuroryny tussag etdiler.

Ýurduň baş prokuraturasynyň resmisiniň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna (AÝ/AR) aýtmagyna görä, Raşid Kodirow 22-nji fewralda tussag edilipdir we Daşkentde derňewçiler tarapyndan sorag edilipdir.

AÝ/AR-sy bilen gizlinlik şertlerinde söhbetdeş bolan özbek resmisiniň sözlerine görä, ýene iki sany prokuror tussag edilipdir.

Agentligiň metbugat-gullugy tutha-tutluklary tassyklap hem inkär edip bilmejegini aýtdy.

Kodirow iki ýyl mundan öň öňki prezident Yslam Karimowyň uly gyzy Gülnara Karimowanyň işi boýunça geçirilen derňewleriň dowamynda işden boşadylan resmileriň arasynda wezipesinden çetleşdirilipdi.

Gülnara 2014-nji ýylda tussag astyna alnypdy we habar berlişine görä, köp milliardlyk para bilen bagly iş boýunça geçen ýylda türmä höküm edildi.

Ýurduň baş prokuraturasyna 15 ýylyň dowamynda ýolbaşçylyk eden Kodirow 2014-nji ýylda Gulnaranyň işi gozgalanda iş başyndady.

XS
SM
MD
LG