Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek bloggeri Facebookdaky tankydy pikirleri üçin sud edilýär


Şawkat Mirsiýoýewiň dolandyryşy astynda tankydy pikir aýdýan bloggerler we žurnalistler köpeldi. 

Özbegistanyň gündogar şäheri Namanganda ýaşaýan blogger hamala töhmet atandygy we interneti premýer-ministr Abdylla Aypowy hem-de merhum prezident Yslam Kerimowyň gyzyny masgaralamakda ulanandygy üçinsud edilýär.

59 ýaşyndaky Abbos Nasriddinowyň sud seljerişligi 22-nji fewralda, Namangan şäheriniň adminstratiw sudunda başlandy.

Nasriddinow AÝ/AR-nyň Özbek gullugyna özüniň diňe jemgyýetdäki meseleler baradaky pikirini aýdandygyny, pikir aýtmak azatlygynyň bolsa ýurduň baş kanunynda kepillendirilendigini aýtdy.

Eger-de günäli tapylsa, Nasriddinowa agyr jerime salnyp biler. Karimow 2016-njy ýylda aradan çykaly bäri, Özbegistanyň häzirki prezidenti Şawkat Mirsiýoýewiň dolandyryşy astynda ýokary derejeli resmiler hakynda tankydy pikir aýdýan bloggerler we žurnalistler köpeldi.

Mirziýoýew Özbegistanyň halkara izolýasiýasyny azaltmagy maksat edinýän gün tertibini yglan etdi we ýönekeý adamlar bilen häkimiýetleriň arasynda “dialog” gurmak, goňşulykdaky Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ýygjam gatnaşykda bolmak meselelerini öňe sürdi.

XS
SM
MD
LG