Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

TOP we TOPH proýektleri boýunça goşmaça dokumentlere gol çekildi


TOPH gaz geçiriji proýektiniň nobatdaky tapgyryna badalga berildi.
TOPH gaz geçiriji proýektiniň nobatdaky tapgyryna badalga berildi.

23-nji fewralda TOPH gaz geçiriji proýektiniň nobatdaky tapgyryna badalga berilmegi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli guralan dabaranyň çäginde ylalaşyk dokumentlerine gol çekildi.

Türkmenistanyň, Owganystanyň hem-de Pakistanyň hökümetleriniň arasynda TOP elektrik geçirijisi barada hökümetara ylalaşygyna hem-de TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça kabul ediji döwletiň hökümeti bilen ylalaşygyň baş şertlerine gol çekildi diýip, TDH döwlet habar gullugy habar berdi.

Neşiriň maglumatyna görä, Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda hem-de Owganystanyň Hyrat şäherinde TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň täze tapgyryna badalga bermek, TOP ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbüni tutmak, şeýle hem Serhetabat-Turgundy demir ýoluny ulanmaga bermek mynasybetli dabaralar geçirildi we olara degişli döwletleriň döwlet baştutanlary we ýokary derejeli resmileri gatnaşdy.

XS
SM
MD
LG