Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Baltika ýurtlarynyň liderlerini Ak tamda kabul eder


Prezident Donald Tramp Estoniýanyň, Latwiýanyň we Litwanyň ýolbaşçylaryny kabul eder.
Prezident Donald Tramp Estoniýanyň, Latwiýanyň we Litwanyň ýolbaşçylaryny kabul eder.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Estoniýanyň, Latwiýanyň we Litwanyň ýolbaşçylaryny 3-nji aprelde, Baltika sammitinde kabul eder diýip, Ak tam aýtdy.

Resmiler 23-nji fewralda bu duşuşygyň “biziň howpsuzlygymyzy, biznesimizi, söwda, energiýa we medeni hyzmatdaşlygymyzy nädeňde has güýçlendirip boljagyna üns berjegini” aýtdylar.

Bu duşuşyga Estoniýanyň prezidenti Kersti Kaljulaid, Latwianyň prezidentiRaimonds Vejonis, Litwanyň prezidenti Dalia Grybauskaite dagy gatnaşar.

Trampyň çap eden beýanatynda onuň bu çäräni baltika döwletleriniň ýolbaşçylaryna öz ýurtlarynyň garaşsyzlygynyň 100 ýyllygyny bellemäge kömek etmek üçin ulanjakdygy aýdylýar.

Baltika döwletleri 1918-nji ýylda öz garaşsyzlyklaryny jar etmezlerinden öň Rus imperiýasynyň bir bölegi bolup durýardy. Olar 1940-njy ýyla çenli, Sowet Soýuzy öz ýurtlaryny basyp alyp, özüne birikdirýänçä garaşsyz boldular we ABŞ olaryň anneksiýa edilmegini hiç wagt resmi taýdan ykrar etmedi.

Baltika döwletleri Moskwanyň regiondaky niýetlerinden alada bildirdiler. Hususan-da bu alada 2014-nji ýylda Orsýet Ukrainanyň Krym sebitini ele geçireninden soň güýçlendi.

XS
SM
MD
LG