Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýaly kürt lideri Pragada tussag edildi


Praga gözegçilik edýän polisiýa ofiserleri

Siriýanyň kürt jemgyýetiniň tanymal lideri, Türkiýäniň talaby esasynda, çeh häkimiýetleri tarapyndan tussag edildi.

Türkiýäniň resmi habar gullugy we kürtleriň ýolbaşçylygyndaky esasy koalisiýa 25-nji fewralda Salih Muslimiň, Demokratik Birleşik partiýasynyň ozalky egindeş başlygynyň bir gün öň Pragada tussag edilendigini aýtdy.

Türkiýäniň resmi “Anadolu” habar gullugy Muslim 24-nji fewralda tussag edildi diýdi. Çeh häkimiýetleri Siriýanyň raýaty Muslimiň tussag edilendigi baradaky habara bada-bat düşündiriş bermediler.

Muslimiň degişli bolan TEV-DEM koalisiýasy beýanat çap edip, Türkiýäniň onuň gözlenýändigini yglan edendigini aýtdy we syýasatçynyň tussag edilmegini “bikanun hereket” atlandyrmak bilen ýazgardy.

Türkiýe siriýaly kürtleriň Demokratik Birleşik partiýasyny, Siriýanyň demirgazygyndaky esasy syýasy güýji “terrorçy gurama” hasaplaýar.

XS
SM
MD
LG