Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Slowakiýa: Derňewçi žurnalist we onuň halaşýan gyzy atylyp öldürildi


Slowakiýanyň kartasy
Slowakiýanyň kartasy

Slowakiýanyň polisiýasy derňewçi žurnalistiň we onuň halaşýan gyzynyň atylyp öldürilendigini aýdýar.

Slowakiýanyň polisiýasynyň başlygy Tibor Gasparyň aýtmagyna görä, 27 ýaşyndaky Ýan Kuçiak (Jan Kuciak) we onuň halaşýan gyzy 25-nji fewralda giçlik žurnalistiň Welka Maça şäherçesindäki öýünde öli tapyldy. Bu şäherçe Slowakiýanyň paýtagty Bratislawadan 65 kilometr gündogarda ýerleşýär.

Gaspar bu öldürmeleriň žurnalistiň “derňew işleri bilen ilteşikli bolmagynyň ähtimaldygyny” belläp, Slowakiýa “žurnaliste deň-taýy bolmadyk şeýle hüjüm bilen hiç haçan ýüzbe-ýüz bolmandy” diýdi.

Ýan Kuçiak “Aktuality.sk” neşirinde işleýärdi.

Onuň 9-njy fewralda çap bolan soňky makalasynda Bratislawadaky gymmatbaha ýaşaýyş jaý toplumy bilen ilteşikli şübheli salgyt galplygyna seredilýär.

XS
SM
MD
LG