Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe Pragadan siriýaly kürt lideriniň ekstradisiýa edilmegini soraýar


Salih Muslim

Türkiýe Siriýanyň kürt jemgyýetiniň tanymal lideriniň ekstradisiýa edilmegini soraýan resmi dokumentleriň Çehiýa respublikasynyň häkimiýetlerine tabşyrylandygyny aýdýar.

Türk premýer-ministriniň orunbasary Bekir Bozdag Demokratik birleşik partiýasynyň (PÝD) öňki ýolbaşçylarynyň biri Salih Muslimiň 26-njy fewralda Pragada kazyýet öňüne çykaryljakdygyny aýtdy.

Muslim Ankaranyň çykaran gözleg karary esasynda 24-nji fewralda Pragada tussag edilipdi.

Demokratik birleşik partiýasy Ankarany “hiç hili kanuny esassyz... öz raýaty bolmadyk şahsyýetleri tussag etmegi talap etmekde” aýyplady.

Türk sudy Muslimi “ýurduň bütewiligini we döwleti bölmekde”, şeýle-de beýleki kanuny bozmalarda aýyplany bäri, Türkiýe onuň gözlegindedi.

XS
SM
MD
LG