Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aýal-gyzlaryň sürüjilik şahadatnamasynyň möhletini uzaltmak kynlaşdyryldy


Illýustrasiýa suraty

Aşgabatda awtoulag sürýän aýal-gyzlaryň öz sürüjilik şahadatnamasynyň möhletini uzaltmakda kynçylyk çekýändigi barada “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri ýazýar.

Neşiriň 22-nji fewralda beren maglumatyna görä, ýakynda sürüjilik şahadatnamasynyň 10 ýyllyk möhleti dolýan aşgabatly zenan ähli zerur resminamalary ýygnap, Döwlet awtoinspeksiýasyna baranda, oňa aýal-gyzlaryň sürüjilik şahadatnamasyny uzaltmazlyk barada dilden berlen ýörite görkezmäniň bardygyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylary we çeşmeleri ýurtda awtoulag sürýän aýal-gyzlaryň sürüjilik şahadatnamasynyň möhletini uzaltmazlyk barada haýsydyr bir gadagançylygyň göze ilmeýändigini, ýöne soňky hepdelerde bu prosesiň kynlaşdyrylandygyny tassyklaýarlar.

Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew polisiýa işgärleriniň we awtoulag sürýän zenanlaryň ençemesine salgylanyp, mundan öň aýal-gyzlar öz sürüjilik şahadatnamasyny uzaltmak üçin polisiýanyň jogapkär edarasyna arza tabşyranda, bu prosesiň bir ýa-da iki günde tamamlanandygyny, häzir bolsa munuň azyndan 10 güne çekýändigini aýdýar.

Mundanam başga, ol indi polisiýa işgärleriniň aýal-gyzlardan sürüjilik şahadatnamasynyň berlen polisiýa bölüminden ýörite ýazmaça güwänamany getirmegi we onlarça soraga jogap bermegi hem talap edýändigini belleýär.

“Sürüjilik şahadatnamasyny çalyşmak üçin arza tabşyran aýal-gyzlaryň tas ählisinden şeýle soraglary soraýarlar: Sürüjilik şahadatnamasyny berýän haýsy kursda okadyň? Kurs nirede ýerleşýär? Şol kursda kimler size awtoulaga erk etmegi öwretdiler? Şonda gapdalyňda oturan kimdi? Haýsy köçeler boýunça hereket etdiňiz? Awtoulagyň markasy we reňki nähilidi? Şeýle jikme-jik zatlary soraýarlar” diýip, Bugaýew polisiýa işgärlerine we sürüjilik şahadatnamasynyň möhletini uzaltmak üçin arzasyny tabşyran aşgabatly aýal-gyzlaryň ençemesine salgylanyp gürrüň berdi.

Aýal-gyzlaryň käbirleri bu soraglara jogap berip bilmän, şahadatnamasynyň möhletini uzaldyp bilmeýänleriň sanynyň hem az däldigini aýdyp, muny “para almak üçin edilýän ýene bir çäre” diýip düşündirýärler.

“Meniň mundan 10 ýyl öň okan kursumyzyň ýerleşýän ýeri ýadymyza düşse, kimiň okadandygy, kimiň synag alandygy, olaryň ady, familiýasy, hereket eden köçelerimizi ýadyma düşenok. Ony ýadyňda saklamak mümkin däl. Bu hem aýal sürüjileri azaltmak, hem-de para almak üçin edilýän zat. Sebäbi para beren käbir aýal-gyzlaryň soraga çekilmän, göni şahadatnamasynyň möhletini uzaldylýandygyny eşidýäris we görýäris” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran aşgabatly 42 ýaşlaryndaky zenan aýtdy.

Polisiýanyň sürüjilik şahadatnamasynyň möhletini uzaltmak işlerine jogapkär edarasynyň käbir işgärleri bolsa, bu çäräni “galp we para berlip alnan sürüjilik şahadatnamalaryny ýüze çykarmak” işleriň bir bölegi diýip düşündirýärler.

“2017-nji ýylda 500 çemesi entek doldurylmadyk, arassa sürüjilik şahadatnamasy ogurlanypdyr. Şolaryň kime nesip edendigini bilmek üçin saklanýandygyny (barlanýandygyny) polisiýa işgärleri aýdýarlar. Ýöne bu diňe şahadatnamany çalşyrmak bilen hem bagly däl. Aýal maşgala köçede awtoulag sürüp barýan bolsa, ony saklap sürüjilik şahadatnamasyny haçan alandygyny dykgat bilen barlaýarlar” diýip, Bugaýew belledi.

Ýatlap geçsek, şu ýylyň başynda Aşgabatda Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň galp we para berlip alnan sürüjilik şahadatnamalaryny ýüze çykarmak ugrundaky kampaniýa başlandygy barada maglumatlar gowşupdy.

Geçen ýyl sürüjilik şahadatnamalarynyň 500-e golaý boş blankasynyň ogurlanmagy we ýaş, şol sanda aýal sürüjileriň gatnaşmagyndaky ýol hadysalarynyň köpelmegi netijesinde, ýerli häkimiýetleriň sürüjilik şahadatnamalarynyň gelip çykyşyny uçdan tutma barlap başlandygyny, Azatlyk Radiosynyň ýurduň Içeri işler ministrligindäki bir çeşmesi gürrüň beripdi.

Azatlygyň ýurt içindäki çeşmeleri we söhbetdeşleri soňky ýyllarda Türkmenistanda sürüjilik şahadatnamalary bilen baglylykda, giň korrupsiýanyň emele gelendigini we bu ugurda ýörite nyrh “meýilnamasynyň” hem dörändigini aýdýarlar.

Mysal üçin, ýörite sürüjilik okuwyny okamazdan we hiç hili synaglary tabşyrmazdan şahadatnamany almak üçin 10 müň dollar möçberinde para bermeli bolsa, gerekli sürüjilik mekdebine gatnalan halatynda bu nyrh, ýagdaýa görä, 2-5 müň dollar aralygynda üýtgeýär.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, ýokarda gürrüňi edilýän ýagdaýlar dogrusynda ne türkmen häkimiýetleri, ne-de media serişdeleri tarapyndan ilat köpçüligine maglumat ýa-da düşündiriş berilýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG