Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow ogluna estafeta nobatyny gowşurdy


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ogly Serdara estafeta taýajygyny gowşurýar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdaky gezek öz ogly Serdar bilen köpçüligiň öňüne çykyp, döwlet mediasy tarapyndan “nesilleriň dowamlylygynyň nyşany” hökmünde häsiýetlendirilen çärelere gatnaşdy.

Duşenbe güni Lebabyň merkezi Türkmenabat şäherinde geçirilen ylgaw ýaryşynyň dowamynda prezident Berdimuhamedowdan ýaryşa ak pata bermegi we estafeta taýajygy bilen ýoluň birinji bölegini ylgap geçmegi haýyş edildi.

Berdimuhamedow ýoluň bir bölegini geçip, estafeta taýajgyny, edil özi bilen kybapdaş lybasa geýnen, ogly – Serdar Berdimuhamedowa gowşurdy. Türkmen mediasy Serdar Berdimuhamedowyň tarypyny ýetireninden soň, bu ýagdaýyň “halkymyzyň mukaddes däpleriniň biri hökmünde nesilleriň dowamlylygynyň nyşanyna öwrülendigini” hem belledi.

Mejlisiň deputaty Serdar hem öz gezeginde estafeta taýajygyny ýurduň welaýatlarynyň we paýtagtyň häkimlerine gowşurdy.

Mundanam başga, duşenbe güni Gurbanguly Berdimuhamedow ogly Serdar bilen birlikde, arka aýnasynda altyn täjiň görnüşi şekillendirilen, ulagda hem aýlandylar. Prezident sürüjiniň ornunda oturan bolsa, Serdar şturmanyň ýerinde ýerleşdi.

Ýeri gelende bellesek, soňky döwür Serdar Berdimuhamedow özüniň prezident kakasy bilen ýurduň mediasynda has köp peýda bolup we ýurduň syýasy durmuşynda has aktiw rol oýnap başlady. Döwlet mediasy hem indi Serdar Berdimuhamedowy gönümel “döwlet baştutanymyzyň ogly”, “liderimiziň ogly” diýip, tanyşdyrýar.

Serdar Berdimuhamedow 2016-njy ýylyň aýagyndan başlap ýurduň syýasy arenasynda peýda boldy. Ol şol ýylyň noýabrynda deputat saýlanyp, geçen ýylyň martynda bolsa, Türkmenistanyň Mejlisiniň kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlyklygyna saýlandy.

Serdar Berdimuhamedow Tatarystanyň resmileri bilen gepleşik geçirýär.
Serdar Berdimuhamedow Tatarystanyň resmileri bilen gepleşik geçirýär.

Serdar daşary ýurtly, hususan-da Russiýanyň ýokary derejeli resmileri bilen birnäçe gepleşikleri alyp bardy. Adatça, diňe prezidentiň saparlary barada maglumat berýän türkmen mediasynda, bu ýokary derejeli döwletara duşuşyklary barada, aýratyn reportažlar hem taýýarlandy.

Geçen ýylyň aýagynda Serdar Berdimuhamedowa öz atasy “Mälikguly Berdimuhamedow” adyndaky medal gowşurylyp, oňa podpolkownik harby derejesi hem berildi. Bu medal ýurduň harby we kanun goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna berilýär. Şeýle-de Serdara mundan öň “Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi” diýen hormatly at hem dakylypdy.

Serdar Berdimuhamedow
Serdar Berdimuhamedow

Mundanam başga, Serdar prezident kakasynyň mysalynda dürli desgalaryň açylyş dabaralaryna hem gatnaşyp başlady. Onuň 27-nji dekabrda Kaka etrabynyň Duşak obasyndaky saglyk merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşmagy bilen baglylykda Ahal welaýatynda, prezidentiň saparlarynyň öňüsyrasyndaky ýaly, uly taýýarlyklaryň görlendigine hem üns çekilipdi.

Şol bir wagtda, Türkmenistanyň syýasy durmuşyny yzarlaýan ekspertler häzirki ýagdaýlardan çen tutulsa, onda Berdimuhamedowyň ogly – Serdara mirasdüşer hökmünde garalýandygyny aýtsa boljakdygyny belleýärler.

Serdar prezident Berdimuhamedowdan estafeta taýajygyny almak bilen birlikde, ol özüniň prezident kakasy bilen “Miras” atly atda hem gezelenje çykýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG