Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saud Arabystany ýokary derejeli harby komandirleriniň ençemesini çalyşdy


Saud Arabystanynyň goranmak ministri Muhammad bin Salman

Saud Arabystany öz ýokary derejeli harby komandirleriniň ençemesini, şol sanda harby ştabynyň başlygyny çalyşdy.

Bu baradaky karar döwlet eýeçiligindäki “Saudi Press” agentligi tarapyndan 27-nji fewralda yglan edildi.

Bu kararyň sebäpleri barada resmi düşündiriş berilmedi.

Şeýle-de, şalyk ýurduň Goranmak ministrligini “ösdürmek” planlary barada mälim edip, bu barada takyk maglumat bermedi.

Bu karar Ýemendäki urşuň fonunda kabul edildi. Ýemende üç ýyla golaý wagt bäri dowam edýän uruşda Saud Arabystany Ýemeniň halkara derejesinde ykrar edilen hökümetini goldaýar. Ýemeniň hökümeti şaýy huti pitneçilerine we olaryň ýaranlaryna garşy söweşýär.

Birleşen Milletler Guramasy Ýemendäki çaknyşyklarda we howa zarbalarynda parahat ilatdan 10 müňden gowrak ýaşaýjynyň ölendigini we 7 milliondan gowrak adamyň açlygyň bäri ýanynda durandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG