Russiýa tarapyndan kabul edilen bäş sagatlyk ýaraşyk Siriýanyň pitneçileriň kontrollygyndaky gündogar Gouta sebitinde güýje girdi.
26-njy fewralda Russiýanyň goranmak ministri Sergeý Şoýgu prezident Wladimir Putiniň her gün Siriýanyň wagty bilen irden sagat 9-dan 2-ä çenli “ynsanperwerlik arakesmesini” girizmegi tabşyrandygyny aýtdy.
Russiýanyň Goranmak ministrliginiň maglumatyna görä, Siriýanyň güýçleri bilen bilelikde gelnen bu çäräniň netijesinde parahat ilatdan ýaşaýjylaryň sebiti terk etmegine hem-de ýaralananlaryň we näsaglaryň ewakuasiýa edilmegine ýardam bermek göz öňünde tutulýar.
Düýbi Britaniýada ýerleşýän Siriýanyň adam hukuklary obserwatoriýasy gijäň ýaryndan bäri Goutada, umuman, asudalygyň agalyk edendigini aýtdy.
AFP neşiriniň Doumadaky habarçysy bolsa, gijäň ýary wagtal-wagtal raketa atylandygyny habar berdi.
Moskwanyň bu karary, 24-nji fewralda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Siriýanyň konfliktdäki sebitine zerur ýardamlary ýetirmäge we medisina ewakuasiýalaryna rugsat berjek 30 günlük “gaýragoýulmasyz” ýaraşygy talap edýän rezolýusiýany kabul etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.