Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Polimeks Türkmenistandaky obýektden çekildi, Tabanja ýurtdan çykdy”


Polimeks kärhanasynyň işgärleri

Türkmenistanda uly we gymmatbaha gurluşyk proýektlerini, şol sanda Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygyny alyp baran Türkiýäniň “Polimeks” kompaniýasynyň ýurtdaky iri bir proýektden çekilendigi we kompaniýanyň ýolbaşçysynyň ýurdy terk edendigi dogrusynda maglumatlar peýda boldy.

Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň berýän maglumatyna görä, Polimeks “Aşgabat-Türkmenbaşy” ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ugrunda ýerleşmeli trompet çatrygynyň gurluşygynda alnyp barylýan işleri togtadypdyr. Bu baradaky degişli şertnama geçen ýylyň oktýabrynda Türkmenistan bilen türk kompaniýasynyň arasynda baglaşylypdy.

Neşir öz çeşmelerine salgylanyp türkmen häkimiýetleriniň Polimeksiň ýolbaşçysyna ýüzlenip, ýoly kompaniýanyň öz hasabyna gurmagyny, şeýle-de çykdajylary ýoluň geljekde getirjek girdejilerinden üzlüşmegi teklip edendiklerini habar berýär.

Emma, Polimeksiň we beýleki potratçy kompaniýalaryň Türkmenistanda gurluşygyny tamamlan obýektleriniň, şol sanda bahasy 2 milliard dollardan hem geçýän Aşgabatdaky aeroportuň tölegini doly derejede alyp bilmeýändiklerine üns çekilýär.

Maliýe kynçylyklary sebäpli Polimeksiň ýolbaşçysy Erol Tabanja türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlygy togtatmak we ýurdy terk etmek kararyna gelipdir.

Geçen ýylyň dekabrynda Tabanjanyň uçary Aşgabadyň aeroportynda saklanýar. Türkmen tarapy Tabanjany şertnamalaryň şertlerini berjaý etmezlikde we ýurtdan gaçmak synanyşygynda aýyplap, onuň ýurtdan çykmagynyň öňüni aljak bolýar. Netijede, türkmen tarapy bilen Tabanjanyň janpenalarynyň arasynda dawa hem ýüze çykypdyr.

Tabanja Türkmenistana gaýtadan dolanyp geljekdigini we ähli soraglary çözjekdigini aýdandan soň, oňa ýurdy terk etmäge rugsat berlipdir. Emma, Tabanja ýurda dolanmandyr. Onuň bar bolan soraglary çözmek üçin ugradan orunbasary hem türkmen tarapy bilen ylalaşyga gelip bilmändir.

Azatlyk Radiosy ýokarky beýan edilenler boýunça Polimeksiň Türkiýedäki baş edarasy bilen habarlaşanda, degişli resmi bu ýagdaýlar boýunça häzirlikçe nähilidir bir maglumat bermekden saklandy.

Emma, bu soňky habarlar Azatlyk Radiosynyň Polimeksiň Türkmenistanda başdan geçirýän kynçylyklary baradaky beren habarynyň yz ýanyna gabat geldi.

Azatlyk Radiosynyň türkmen hökümetindäki ynamdar çeşmeleriniň aýtmagyna görä, häzir türk Polimeks kärhanasy ýurtda guran gurluşyk obýektleri we Aşgabatda geçen sentýabrda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna harçlan pullary üçin, türkmen hökümetinden algysyny alyp bilmeýär.

“Polimeksiň türkmen hökümetinden azyndan 800 million dollar algysy bar. Aşgabatda gurlan aeroportyň tölegleri doly üzlüşilmedi. Şeýle-de, ‘Aşgabat-2017’ oýunlarynyň açylyş we ýapylyş dabaralaryna öz jübüsinden pul çykardy. Haçan-da, Berdimuhamedowdan bu pullar soralanda, onuň muňa gahary geldi” diýip, Azatlyk Radiosynyň türkmen hökümetindäki çeşmesi gürrüň berdi.

Aýdylmagyna görä, indi Polimeks ýurduň bazaryndan çetleşdirilip, oňa derek ähli iri gurluşyk proýektleri, “Çalyk Holding”, “Bouygues” we “Reneýssans” kärhanalaryna ynanylar. Türkmen metbugatynda bu kärhanalara eýýäm ençeme gymmatbaha gurluşyk proýetkleriniň berlendigi barada maglumatlar hem peýda boldy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG