Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Krymly tatar aktiwistiniň üç ýyl şertli tussaglyga höküm edilmegi soralýar


Krymly tatar aktiwisti Suleýman Kadyrow 28-nji fewralda Feodosia şäherinde sud zalyna getirildi.
Krymly tatar aktiwisti Suleýman Kadyrow 28-nji fewralda Feodosia şäherinde sud zalyna getirildi.

Russiýanyň kontrollygyndaky Krym sebitiniň prokurory suddan ukrain regionyndaky Moskwanyň häkimiýetine garşy çykyş edýän krymly tatar aktiwistini üç ýyl şertli tussaglyga höküm etmegi sorady.

28-nji fewralda Feodosia şäherinde geçirilen sud diňlenişiginde prokuror suddan Suleýman Kadyrowyň iki ýyl “jemgyýetçilik işlerine” gatnaşmagyny gadagan etmegi hem sorady. Bu höküm Kadyrowyň demonstrasiýa geçirmeginiň öňüni alar.

Kadyrow Russiýanyň territorial bütewiligini bozmak barada halka çagyryş etmekde aýyplanýar.

Bu aýyplama, Kadyrowyň öz Facebook sahypasynda Ukraina tarapdar meýletinçi harby birleşik barada çap eden wideosyndan we onuň aşagynda “Krym Ukrainady, ol häzirem Ukraina we hemişe Ukraina bolar!” diýip, galdyran teswirinden gelip çykýar.

Kadyrow öz pikirini we garaýşyny beýan etmäge hukugynyň bardygyny aýdyp, özüniň günäsizdigini belleýär.

XS
SM
MD
LG