Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lawrow: Russiýa ‘terrorçy howpy’ ýeňmek üçin Assada ýardam bermegi dowam etdirer


Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Moskwa “terrorçy howpy” ýeňmek üçin Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň hökümetine ýardam bermegi dowam etdirer diýdi.

Ol bu barada 28-nji fewralda Ženewada Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary geňeşinde çykyş etdi. Onuň bu çykyşy, soňky 10 gün çemesi wagtyň dowamynda Damaskyň golaýynda ýüzlerçe adamyň ölümine sebäp bolan Siriýa hökümetiniň hüjümlerine global derejede nägilelik bildirilýän mahalyna gabat geldi.

Siriýanyň paýtagtynyň gündogarynda ýerleşýän Gouta sebitindäki şäherçelere we fermalara edilen bombalamalar ýedi ýyllyk uruşuň dowamynda amala aşyrylan iň ýowuz howa kampaniýalarynyň biridir.

Şeýle-de, Lawrowyň çykyşy, günbatar ýurtlarynyň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 30 günlük “gaýragoýulmasyz” ýaraşygy talap edýän rezolýusiýasynyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin, Russiýany Assada öz täsirini ýetirmäge çagyrmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

24-nji fewralda kabul edilen bu rezolýusiýa Siriýanyň konfliktdäki sebitine zerur ýardamlary ýetirmegi we medisina ewakuasiýalaryny amala aşyrmagy göz öňünde tutýar.

XS
SM
MD
LG