Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kokain gaçakçylygynda şübhelenilýän orsýetli Argentinadaky güpbasdy üçin ABŞ-ny aýyplaýar


Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugynyň (FSB) Argentinadan Moskwa takmynan 400 kilogram kokain geçirmäge synanyşdy diýýän adamsy özüni ABŞ-nyň ýörite gulluklarynyň we argentin polisiýasynyň duzaga düşürendigini aýdýar diýip, rus mediasy habar berýär.

Bu pikiri 28-nji fewralda Andreý Kowalçugyň adwokaty orta atdy. Orsýetiň Buones Aýresdäki ilçihanasyna degişli mekdebiň ambarynda goýlup gidilen 16 bölek ýüküň ýokary hilli kokaindygy we Moskwada munuň bahasynyň 60 million dollara durýandygy aýdyldy.

Argentinanyň howpsuzlyk ministri Patrisiýa Bulriç geçen hepde FSB-niň üç ofiseriniň we rus ilçisiniň habar bermegi bilen 2016-njy ýylyň dekabr aýynda geçirilen güpbasdyda ele geçirilen sumkalardan 389 kilogram kokainiň tapylandygyny aýtdy. Ministr bu operasiýany şu wagta çenli Argentinada geçirilen iň bir çylşyrymly neşä garşy operasiýalaryň birine subutnama edip görkezdi.

Howpsuzlygyňkylar ambarda saklanan kokaini ilki un bilen çalşyp, soň ony “kokain” diýip 2017-nji ýylda Orsýete ugradýarlar. Ony kabul etmäge gelen iki adam tussag edilýär, diýip Bulriç aýtdy. Ministriň “K” diýip ýüzlenýän adamsynyň ilki kokaini satyn alandygy we ony ilçihana getiren admyňam şonuň özüdigi çak edilýär.

Argentinanyň we Orsýetiň howpsuzlyk gulluklarynyň ikisiniň-de bilelikde geçirildi diýýän operasiýalarynda FSB güman edilýänleriň üçüsiniň Orsýetde ikisiniň bolsa Argentinada saklanandygyny aýtdy. Jenaýatyň ideýa taýdan ruhlandyryjysy hasaplanýan adam Andreý Kowalçuk diýilýär. Kowalçuk Orsýetiň Argentinadaky ilçihanasynda ozal tehniki işgär bolup işleýärdi we häzirki wagtda Germaniýada ýaşaýar. Ol özüniň tussag edilmegi barada çykarylan halkara orderiň esasynda gözlenilýär.

Kowalçugyň adwokaty Wladimir Žerebenkow 27-nji fewralda öz müşderisiniň 2016-njy ýylda sumkasyny ilçihanada goýup gaýdandygyny, şonda onuň içinde kofe, alkogol içgileri we beýleki käbir zatlaryň bolandygyny ýöne kokainiň bolmandygyny aýtdy.

28-nji fewralda Orsýetiň döwlet media serişdelerinde we garaşsyz habar serişdelerinde Žerebenkowyň agzalýan operasiýanyň Argentinadaky Rus ilçihanasynynyň abraýyna zeper ýetirmek üçin ABŞ-nyň ýörite gulluklarynyň we argentin polisiýasynyň gurnamagynda geçirilen prowokatiw çäredigini aýdandygy sitirlendi.

Žerebenkow öňe sürýän çaklamalary dogrusynda subutnama hödürlemedi. Adwokat Kowalçuk özüniň bigünädigini subut etmek üçin we hakykatyň üstüniň açylmagyna goşant goşmak üçin Orsýete gelip derňweçiler bilen hyzmatdaşlyk etmek isleýär diýipdir.

23-nji fewralda Orsýetiň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Maria Zaharowa peýda bolan habarlary tanktylap, olaryň Orsýetiň diplomatiki wekilhanalarynyň abraýyna täsir edýändigini öňe sürdi.

Zaharowa öz çykyşynda: “Rus ilçisiniň hem-de diplomatiki işgärleriň netijeli çäreler görmegi bilen bu operasiýa üstünlikli amala aşyryldy” diýdi.

XS
SM
MD
LG