Exxon Mobil nebit-gaz kompaniýasy ABŞ-nyň we Ýewropanyň Russiýa garşy girizen sanksiýalaryna salgylanyp, Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki Rosneft kärhanasy bilen bilelikdäki proýektlerinden çekilýändigini yglan etdi.
Mundan owal, Exxon Mobil 2014-nji ýylda Russiýanyň Ukrainadaky agresiýasyna garşy ABŞ-nyň Kremle girizen sanksiýalaryna garşy çykypdy.
ABŞ-nyň häzirki döwlet sekretary Reks Tillersonyň ýolbaşçylyk eden Exxon Mobil kärhanasy girizilen sanksiýalarynyň amerikan firmalaryna zyýan ýetirjekdigini öňe sürüpdi.
Exxon Mobil kärhanasynyň Rosneft bilen 2013-nji ýylda gelen ylalaşygyna laýyklykda, ol Russiýanyň Arktika deňizinden Gara deňzine çenli nebit ýataklaryny özleşdirmäge hukuk gazanypdy.