Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talybanyň” berkitmesinde german raýaty ele salyndy


Owgan polisiýasy sebite gözegçilik edýär. Illýustrasiýa suraty.

Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň “Talyban” hereketiniň partladyjy ýasamakda güman edilýän berkitmesine geçiren reýdinde Germaniýanyň bir raýaty ele salyndy.

Helmand welaýatynyň häkiminiň metbugat-wekili gürrüňi gidýän adamdan Germaniýanyň raýatlygyny görkezýän dokumentleriň tapylandygyny mälim etdi.

Owgan resmisiniň sözlerine görä, deslapky sorag etmeleriň netijesinde Germaniýanyň raýatynyň tussag bolman, eýse köçe-ýaka bombalary ýasamaga gatnaşandygy anyklanypdyr.

Gereşk etrabynyň polisiýa başlygy ele salnan adamyň “Talyban’ hereketiniň Helmandaky komandirleriniň biri “Molla Nasiriň maslahatçysy” bolandygyny aýtdy.

Resmiler tussag edilen german raýatynyň şahsyýetini aýdyňlaşdyrmadylar.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG