Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da ozalky gyrgyz ilçisiniň ogly ýarag gaçakçylygynda aýyplanýar


2005-2010-njy ýyllar aralygynda Gyrgyzystanyň ABŞ-daky ilçisi bolan Zamira Sydykowa

ABŞ Gyrgyzystanyň Waşingtondaky ozalky ilçisiniň ogluny ýarag gaçakçylygy aýyplamalary esasynda tussag etdi.

2005-2010-njy ýyllar aralygynda Gyrgyzystanyň ABŞ-daky ilçisi bolan Zamira Sydykowa öz ogly Tengiz Sydykowa aýyplamalaryň ýalňyşlyk bilen bildirilendigini öňe sürdi.

Waşingtonda ýaşaýan 28 ýaşly Tengize we 27 ýaşly Eldar Rezwanowa Russiýanyň Çeçenistan respublikasyna ýarag geçirmek synanyşygy boýunça aýyplamalar bildirilýär.

Gyrgyzystanyň raýatlary hökmünde tanyşdyrylan bu şahsyýetler 100-den gowrak ýaragy hiç hili lisenziýasyz Çeçenistana geçirjek bolupdyrlar.

Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrligi güman edilýänleriň şahsyýetini seljerýändigini mälim etdi.

Eger-de tussag edilenleriň günäsi subut edilse, olara 20 ýyla çenli türme tussaglygy berlip bilner.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG