Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow täze kitabynda özüni "Arkadag" diýip atlandyrdy


"Ruhnamanyň" ornuny G.Berdimuhamedowyň kitaplary alýar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2018-nji ýylda ilkinji kitaby çapdan çykdy.

Täze kitap “Arkadag taglymaty – sagdynlygyň, ruhubelentligiň binýady” diýlip atlandyrylýar. ýagny prezident öz kitabynyň adynda özüni "Arkadag" diýip atlandyrýar.

Döwlet baştutany öz täze kitabyny anna güni geçiren hökümet maslahatynda egindeşlerine sowgat berdi we wise-premýer Pürli Agamyradowa onuň jemgyýetçilige tanyşdyrylmagyny gurnamagy buýurdy.

Prezident Berdimuhamedow geçen ýyl öz adyndan azyndan 4 kitap, ondan öňki ýyl bolsa 7 kitap çap etdirdi.

Türkmen metbugaty bu kitabyňýurtda sporty wagyz etmek ugrunda edilýän tagallalara bagyşlanandygyny belleýär.

Prezident geçen ýyl Aşgabatda geçirilen Aziýa oýunlaryndan soň hem sporta bagyşlanan bir eseri - “Sport – dostluga, sagdynlyga we gözellige ýol” atly kitabyny çap etdiripdi.

Umuman alnanda, Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna geleli bäri 50 töweregi kitap ýazandygy aýdylýar. Ol kitaplaryň köpüsi birbada üç dilde – türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edildi.

Şonuň bilen bir wagtda, Türkmenistanda garaşsyzlyk ýyllarynda onlarça ýazyjynyň “gara sanawa” girizilip, çap edilmek hukugyndan mahrum bolandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG