Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günorta Koreýa Demirgazyga ýokary derejeli resmileri gepleşmäge iberer


Günorta Koreýanyň prezidenti Moon Jae-in
Günorta Koreýanyň prezidenti Moon Jae-in

Günorta Koreýanyň prezidenti şu hepde, ýadro dartgynlygyny gowşatmak we Phenýan bilen Waşingtonyň arasyndaky gepleşiklere itergi bermek maksadyny yzarlaýan gepleşikler üçin, öz milli howpsuzlyk direktorynyň ýolbaşçylygynda Demirgazyk Koreýa bir delegasiýa iberer.

Moonuň edarasy tarapyndan 4-nji martda yglan edilen delegasiýa iki garşydaşyň arasynda golaýda Pýonçaňda geçen Gyşky olimpiadadan uç alan seýrek ýumşaşmanyň yz ýanyna gabat geldi.

5-nji martda ugrajak 10 agzaly delegasiýa Phenýanda iki gün bolup, Demirgazyl Koreýanyň ýokary derejeli resmiler bilen gepleşik geçirer.

Gepleşiklerde Koreýa ýarym adasynda parahatçylygy ilerletmek, iki Koreýanyň arasyndaky gatnaşyklary gowulandyrmak, şeýle-de Phenýan bilen Waşingtonyň arasyndaky gepleşikleri gaýtadan ýola goýmak üçin şert döretmäge ýardam bermek mümkinçilikleri maslahatlaşylar diýip, prezident Moon Jae-iniň edarasy aýtdy.

XS
SM
MD
LG