Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Moskwadaky kampaniýa üýşmeleňinde rus “ýeňişlerini’ wada berdi


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin ýygnanyşykda söz sözleýär.

Orsýetiň iş başyndaky prezidenti Wladimir Putin Moskwanyň esasy sport arenasynda kampaniýa ýygnanyşygny geçirip, özüne täze alty ýyl möhleti gowşurmaly prezident saýlawlaryna 15 gün galanda, goldawçy diňleýjilerine Orsýet üçin “ýeňişleri” wada berdi.

"Biz öz ýurdumyzyň ýagty bolmagyny we gelejege seretmegini isleýäris, öz çagalarymyzyň, agtyklarymyzyň... bagtly bolmagy üçin biz ähli zady ederis” diýip, Putin 3-nji martda Lužniki stadionynda toplanan adamlara ýüzlenip aýtdy.

"Muny biz üçin başga hiç kim etmez” diýip, Putin aýtdy. “Eger biz muny başarsak, gelýän onýyllyklar we tutuş 21-nji asyr biziň nurly ýeňişlerimiz bilen belgilener” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Tankytçylar Putiniň şunuň ýaly birnäçe ýygnanyşygy kampaniýa çäresi hökmünde nädogry ulanandygyny aýdýarlar.

65 ýaşyndaky Putin 1999-njy ýyldan bäri ýa prezident, ýa premýer-ministr bolup işledi.

XS
SM
MD
LG