Soňky wagtlarda BMG-ä ýüz tutyp, halkara gorag programmasyna goşulan türkmenistanly migrantlaryň köpüsiniň gorag statusynyň Türkiýäniň migrasiýa gullugy tarapyndan ýatyrylýandygy barasyndaky maglumatlar köpelýär.
Netijede, türkmen migrantlarynyň arasynda bu sebäpden kazyýetiň karary çykýança deportasiýa merkezinde saklanýanlar, Türkiýäniň göç edarasynyň kararynyň üýtgedilmegi üçin türk kazyýetine ýüz tutup, netijesine garaşýanlar, kazyýet tarapyndan migrasiýa gullugynyň kararynyň ýerliklidigi tassyklananlar we şol bir wagtyň özünde kanuny çykalga gözläp ýüz tutýanlar hem bar.
Hünärmenler, Türkiýäniň göç edarasynyň praktikasyna garalanda, esasan hem pasporty köne bolan türkmen migrantlarynyň ýa-da dürli sebäplerden saklanyp, deportasiýa edilmekçi bolunýan türkmenistanly raýatlaryň BMG-niň gorag programmasyna ýüz tutýandygyny belleýär.
Eýsem, Türkiýäniň daşary ýurtlylara halkara gorag kanunynda üýtgeşiklik boldumyka?
Şeýle sowal hem redaksiýamyza gelip-gowuşýan maglumatlar esasynda Azatlyk Radiosynyň “Dünýä türkmenleri” gepleşiginiň bu günki sanyny Türkiýede BMG-niň gorag programmasyna goşulan türkmenistanly migrantlaryň soňky günlerde duş gelýän problemalaryna gönükdirýäris.