Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşkentde türkmen-özbek ykdysady komissiýasynyň maslahaty geçdi


Özbegistanyň daşary işler ministri

Daşkentde söwda ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek komissiýasynyň 14-nji maslahaty geçirildi.

Türkmenistanyň resmi mediasyna görä, 1-2-nji martda geçirlen maslahatda taraplar ýurtlaryň 2018-2020-nji ýyllar boýunça hyzmatdaşlygyna degişli meseleleri, şol sanda transport we syýahat, medeniýet, ylym, sungat we sport ugurlar barada pikir alyşypdyr.

Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman transport ýoly baradaky ylalaşyklaryň ähmiýeti we Türkmenabat-Farap awtomobil we demirýol köprüleriniň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.

Türkmenistanyň Daşkente sapar eden resmi toparyny Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew kabul etdi.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG