Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan guşçulyk toplumyny ösdürmek üçin ‘käbir’ harytlary gümrük paşyndan boşatdy


Gümrük paşlaryndan boşadylýan harytlaryň görnüşleri takyklaşdyrylman, olar diňe “käbir” diýen çalyşma bilen häsiýetlendirilýär.

Türkmenistanyň prezidenti “ýurtda guşçulyk pudagyny mundan beýlägem ösdürmek maksady bilen” diýen kesgitleme esasynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň “käbir görnüşlerini” gümrük paşlaryndan boşatdy.

Resmi mediada Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2-nji martda gol goýan bu Kararynyň “Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hemem eksporta niýetlenen önümleri, öndürijileri döwlet tarapyndan goldamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmäge” gönükdirilendigi bellenilýär.

Şol bir wagtda, gümrük paşlaryndan boşadylýan harytlaryň görnüşleri takyklaşdyrylman, olar diňe “käbir” diýen çalyşma bilen häsiýetlendirilýär.

Sözümiziň şu ýerinde, Türkmenistanda geçen ýylyň aýagyndan bäri beýleki zerur harytlar bilen birlikde ýumurtga we towuk etiniň gymmatlap, gytalyp, hatda kä halatlarda dükan tekjelerinden ýitirim bolandygyny hem belläp geçmelidiris.

Mysal üçin, mundan birnäçe aý ozal Aşgabatda bir ýumurtga 33 teňňeden satylan bolsa, şu günki gün onuň bahasy 60 teňňä ýetdi. Şeýle-de, ýumurtganyň bolçulygyna görä, her adam başyna satylýan ýumurtga çäk hem girizildi: bu günler alyja 30 ýumurtgadan artyk satylmaýan bolsa, kä halatlarda bu çäk 10-a çenli hem ýetýär.

Galyberse-de, Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň 2-nji martda geçirilen mejlisinde daşyndan getirilýän azyk önümleriň ornuny tutýan harytlaryň önümçiliginiň ýola goýulmagyna, hususanda, guşçulyk toplumlarynyň döredilmegine gönükdirilen kärhanalary ösdürmek boýunça geçirilen çäreler barada gürrüň edildi.

Prezident Berdimuhamedow bu hasabaty diňläp, bu işlere hususy bölegiň wekilleriniň çekilmelidigini belledi, emma telekeçileriň we ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan maliýe, manat we dollar kynçylyklary barada hiç zat aýtmady

Sözümiziň ahyrynda bellesek, ýurduň käbir künjeklerinde eýýäm birnäçe aýdan bäri hojalyklardaky towuklaryň näbelli bir wirusa ýolugyp, haram ölýändikleri barada maglumatlar gowuşýar. Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky çeşmeleri Boldumsaz we Gurbansoltan eje etraplarynyň obalarynda towuklaryň eýýäm onlarçasynyň harap bolandygyny gürrüň berdiler.

Şol bir wagtda, ýerli weterinar lukmanlarynyň dürli wiruslara garşy urýan sanjymlarynyň hem kömek bermeýändigine üns çekilýär.

XS
SM
MD
LG