Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda ýangyç guýujylaryň sürüjileriň 'jübüsine girmegi' güýçlenýär


Daşoguzly sürüjiler ýangyç stansiýalrynda benziniň kem guýulmagyndan zeýrenýärler.
Daşoguzly sürüjiler ýangyç stansiýalrynda benziniň kem guýulmagyndan zeýrenýärler.

Azatlyk radiosynyň Daşoguz welaýatyndaky çeşmesi soňky wagtlarda regionyň awtoulaglara ýangyç guýulýan nokatlarynda müşderilere goýberilýän ýangyjyň, benziniň bolmalysyndan kem guýulmagynyň has göz-görtele häsiýete geçendigini habar berýär.

Bu maglumat Türkmenistanda Ulaglar we aragatnaşyk toplumynyň işgärleriiň gününiňilkinji gezek bellenýän wagtyna gabat geldi.

Azatlygyň ýurduň dürli regionlaryndaky çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, ýangyç stansiýalarynda benzini kem guýmak we guýulmadyk ýangyjyň puluny almak öňräkden bäri gelýär. Emma bu kem guýmak ozalky ýyllarda beýle yzygiderli häsiýete eýe bolmandy diýip, synçylar belleýär. Soňky wagtlarda aýdylmagyna görä, Daşoguzda hususy ulaglaryna ýangyç guýdurýan müşderilere goýberilýän her 10 litr benziniň ortaça 1 litri kem guýulýar.

20 litrlik demir konistre benzin guýduryp alsaň, muňa anyk göz ýetirip bolýar. 20 litrlik gap dolanda, benzin ölçeýjiniň ekranynda 20-ä derek pesinden 22-22,5 litr diýen ýazgyny görse bolýar” diýip, Daşoguzdaky çeşmämiz habar berdi.

Birki günlükde dostum nasos işletmek üçin 5 litrlik gaba bäş litr benzin guýgurmak üçin puluny berdi, emma gap dolmanka benzin guýujy bekediň ekranynda bäş litr diýlen ýazgy peýda boldy we benziniň guýulmagy kesildi” diýip, çeşme gürrüň berdi.

Onuň tassyklamagyna görä, benzin guýýan işgär müşderiniň bu barada geňirgenip beren soragyna çalaja gülümjiräp, “bizem bir ýerden iýmel-ä’ diýip, gönümel jogap beripdir.

Şeýle-de, ýangyç guýulýan stansiýalarda wideokamera goýlansoň, kanistrlere benzin guýdurmak biraz kynlaşdy we munuň üçin benzin guýujylara ýalbar-ýakar etmeli, onsoň 20 litrlik gaba 17-18 litr benzin guýulsa, sesiňi çykaryp bilmän gaýdýarsyň diýip, ýerli ýaşaýylaryň biri aýtdy.

Daşoguzly çeşmäniň tassyklamagyna görä, sürüjileriň köpüsi welaýat merkezinden Aşgabada ugralýan ýoluň ugrundaky ýangyç guýulýan stansiýanyň ýangyç guýuşyndan, ýagny göz-görtele haklarynyň iýilmeginden nägile bolýar.

“Bu ýangyç stansiýasy esasan Daşoguzdan Aşgabada ugraýan sürüjileriň ulagynyň bakyny dolduryp geçýän ýangyç nokady” diýip, çeme aýtdy.

Azatlyk radiosynyň habarçylary bilen söhbetdeş bolan sürüjiler ýangyç stansiýasyndaky düzgün bozmalary bilmek üçin ýa bakyňy doly boşaňkyrladyp barmalydygyny, ýa-da benzini kanistre guýdurmalydygyny aýdýarlar.

“Men bu ýerdäki karamlygy kän gezek barladym, meniň ulagymyň baky doly boşanda 39 litr benzin alýar, emma şol möçberdäki benzini guýdursaň, ekranda 43 litr diýen ýazgy çykýar” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran sürüji aýtdy. Şeýle-de ol bu ýagdaýy köp adamyň bilýändigini, emma sesini çykarmaga gorkýandygyny sözüne goşdy.

Ýerli synçylaryň birnäçesiniň tassyklamagyna görä, benzin guýulýan stansiýada işe ýerleşmek her kime ýetdirýän zat däl we munuň üçin hökman ýokarda arkaň bolmaly.

Hut şu 'arka meselesi' hem ýangyç guýujylaryň müşderileriň jübilerine girmegine hem-de bu bidüzgünçiligiň 'bolmaly ýa kadaly bir zat' ýaly dowam etmegine sebäp bolýar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran synçy aýtdy.

Türkmenistanda benzin soňky gezek fewral aýynda öňünden halka aýtman-diýmän 50 prosent gymmatladyldy we onuň täsiri ýurtdaky azyk we senagat harytlarynyň bahalarynyň hem üzül-kesil ýokarlanmagyna alyp geldi.Şol bir wagtda ilat arasynda benziniň ýene-de gymmatladyljakdygy hakynda aladalar bar. Emma türkmen hökümeti bu aladalara hiç hili rekasiýa bildirmeýär.

XS
SM
MD
LG