Saud Arabystanynyň Medine şäherinde tanymal täjik biznesmeni we onuň maşgalasy öli tapyldy.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň maglumatyna görä, öldürilenleriň arasynda biznesmen Bahtiýor Dodohonow, onuň aýaly hem-de 8 we 12 ýaşlaryndaky iki ogly bar.
Dodohonowyň ene-atasynyň 7-nji martda AÝ/AR-na aýtmagyna görä, Dodohonow we onuň maşgalasy fewral aýynyň ahyrynda saud Arabystanyna sapar etdiler we olaryň 6-njy martda yzyna dolanmagyna garaşylýardy.
Dodohonowyň ene-atasy olar öz wagtynda yzyna dolanmansoň, Saud Arabystanynyň Duşenbedäki ilçihanasy bilen habarlaşanda, bu ýerdäki resmiler olara Dodohonowyň we maşgalasynyň “Medinede öli tapylandygyny” aýdýarlar.
Olaryň sözlerine görä, ilçihana bu barada goşmaça maglumat bermändir. Bu barada täjik we saudy resmileri hem häzirlikçe maglumat bermeýärler.