Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wenadaky pyçakly hüjümler bilen ilteşikli bir owganystanly tussag edildi


Awstriýanyň polisiýasy wakanyň bolan ýerini derňeýär. 7-nji mart, 2018 ý.
Awstriýanyň polisiýasy wakanyň bolan ýerini derňeýär. 7-nji mart, 2018 ý.

Awstriýanyň paýtagty Wenada amala aşyrylan pyçakly hüjümler bilen ilteşikli bir owganystanly adam tussag edildi diýip, 8-nji martda polisiýa aýtdy. Bu hüjümlerde dört adam agyr ýaralandy.

7-nji martda 23 ýaşyndaky şübheli 20 ýaşyndaky owganystanly bir adamy pyçaklandan gysga wagt soň tussag edildi diýip, Awstriýanyň polisiýasynyň metbugat wekili Patrik Maierhofer aýtdy.

Onuň sözlerine görä, polisiýa bu wakadan bir sagat çemesi öň Wenanyň merkezinde awstriýaly maşgalanyň pyçaklanmagyna hem gürrüňi edilýän şübheliniň jogapkärdigini ýa-da däldigini derňeýär.

Bu wakalarda awstriýaly maşgalanyň üç agzasy, ýagny eje-kaka we olaryň 17 ýaşly gyzy, şeýle-de owganystanly adam agyr ýaralanyp, keselhana ýerleşdirildi. Olaryň şahsyýetleri köpçülige mälim edilmedi.

“Hüjümiň terrorçylyk bilen arabaglanyşygy ýok ýaly bolup görünýär, ýöne munuň sebäpleri barada bir zat aýdardan entek ir” diýip, Maierhofer aýtdy.

XS
SM
MD
LG