Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Pakistan, Eýran aýallar üçin iň az iş mümkinçiliklerini hödürleýän ýurtlaryň hatarynda


Pakistanly zenan aktiwistler protest geçirýär.

Pakistan, Eýran we Ýakyn Gündogar ýurtlary aýal-gyzlar üçin iň az iş mümkinçiliklerini hödürleýän döwletleriň hatarynda bolup, bu bolsa agzalýan ýurtlarda we sebitde zenanlaryň işsizlik derejesiniň ýokary bolmagyna getirýär diýip, Birleşen Milletler Guramasy aýdýar.

BMG-niň Halkara zähmet guramasy tarapyndan 7-nji martda giçlik ýaýradylan hasabatda aýdylmagyna görä, Ýakyn Gündogarda işsiz aýal-gyzlaryň sany erkeklere garanda iki esse ýokary bolup, bu sebitde zenanlar köplenç iň pes derejeli we aýlykly işlerde zähmet çekýärler.

“Ýakyn Gündogarda zenanlar işlemäge höweslendirilmeýär” diýip, BMG-niň jynsy meseleler boýunça spesialisti Emanuela Pozzan aýtdy.

Ýakyn Gündogarda aýal-gyzlaryň 19%-i, Günorta Aziýada bolsa 28%-i işleýän mahaly, dünýäde zenanlaryň ýarysy zähmet çekýär diýlip, BMG-niň raportynda bellenilýär.

XS
SM
MD
LG