Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gündogar Ukrainada uruş ýesirleriniň alyş-çalşygyny guramalaşdyryjy tussag edildi


Wolodymyr Ruban

Gündogar Ukrainadaky konflikt zonada uruş ýesirleriniň alyş-çalşygyny guramalaşdyran, döwlete degişli däl guramanyň başlygy Wolodymyr Ruban gaçgakçylykda güman edilip, ukrain häkimiýetleri tarapyndan tussag edildi diýip, remiler aýdýarlar.

8-nji martda giçlik Ruban Russiýa tarapyndan goldanylýan separatistleriň kontrollygyndaky territoriýadan ýaraglaryň we ok-däri serişdeleriniň uly göwrümini kontrabanda ýoly bilen geçirmäge synanyşandygy aýdylýan wagtda tussag edildi diýip, wagtlaýyn basylyp alnan territoriýalaryň ministriniň orunbasary Heorhiý Tuka Facebook sosial ulgamynda ýazan maglumatynda belledi.

Tukanyň sözlerine görä, Ruban separatistleriň kontrollygyndaky sebitden hökümetiň gözegçiligindäki territoriýa göçüp barýan adaty raýat ýaly bolup, öý mebelleriniň arasyna ot açýan ýaraglary we ok-däri serişdelerini gizläpdir.

Bu maglumatdan soň, Ukrainanyň baş prokurory Ýuriý Lutsenko Rubanyň tussag edilendigini tassyklady. Şeýle-de, ol Rubanyň hereketleriniň ukrain Howpsuzlyk gullugy tarapyndan indi birnäçe wagt bäri yzarlanandygyny ýaňzydyp, onuň “tötänleýin” tussag edilmändigini belledi.

XS
SM
MD
LG