Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabulda janyndan geçen bombaçynyň hüjüminde azyndan ýedi adam öldi


Owgan polisiýasy partlamanyň bolan ýerini derňeýär. 9-njy mart, 2018 ý.
Owgan polisiýasy partlamanyň bolan ýerini derňeýär. 9-njy mart, 2018 ý.

9-njy martda Owganystanyň paýtagty Kabulda aglaba şaýy musulmanlarynyň ýaşaýan sebitinde janyndan geçen bombaçynyň özüni partlatmagy netijesinde azyndan ýedi adam öldi diýip, resmiler aýdýarlar.

“Partlamada ýedi adam şehit boldy we başga-da ýedi sanysy ýaralandy” diýip, Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Najib Daniş Facebook sosial ulgamynda ýazan maglumatynda belledi.

Owganystandaky aglaba şaýy hazara etniki jemgyýetiniň öňki tanymal lideri Abdul Ali Mazariniň “Talyban” tarapyndan öldürilmeginiň 23-nji ýyldönümini ýatlamak üçin geçirilen üýşmeleňiň golaýynda bolan partlamada ölenleriň biri polisiýa ofiseridi.

Kabulyň polisiýasynyň başlygy Mohammad Daud Aminiň “Tolo” habar gullugyna aýtmagyna görä, bombaçy özüni barlag-gözegçilik nokadynyň golaýynda partladypdyr.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç kim öz üstüne almady.

XS
SM
MD
LG