Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen parlamentine deputatlyga kandidatlar ýurtda 'problema görmeýärler'


9-njy martda prezident Berdimuhamedowyň ogly Serdaryň resmi terjimehaly çap edildi.

Türkmenistan 25-nji martda geçiriljek parlament saýlawlaryna barýar we türkmen metbugaty bu saýlawlaryň halkara ölçeglerine laýyklykda geçiriljekdigini nygtaýar.

TDH-nyň 5-nji martdaky maglumatyna görä, GDA-nyň parlament saýlawlaryna gözegçilik etmäge gelen missiýasy eýýäm işe girişdi. Bu missiýanyň düzümine 80 çemesi synçy girýär we olarň onusynyň uzak möhletli esaslarda işlejekdigi habar berilýär.

Mundan öň TDH şu ýylyň 24-nji ýanwaryndan 22-nji fewralyna çenli aralykda Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna dalaşgärleriň hödürlenendigini habar berdi.

Saýlawlarda Demokratik partiýa bilen bir hatarda Senagatçylar we telekeçiler, Agrar partiýalary ýaly täze syýasy guramalaryň wekilleri hem dalaşgärlik edýär. Parlament saýlawlaryna Demokratik partiýadan hödürlenen kandidatlaryň arasyndaSerdar Berdimuhamedow hem bar. Ol Ahal welaýatynyň Duşak - 25-nji saýlaw okrugyndan kandidatlyga hödürlendi.

1981-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Aşgabatda doglan we paýtagtyň ýaşaýjysy Berdimuhamedow Serdar Gurbangulyýewiç, bäşinji çagyrylyş boýunça deputat we Mejlisiň kada-kanunçylyk komitetiniň başlygy bolup durýar, ol Demokratik partiýa tarapyndan deputatlyga hödürlendi.

Serdaryň garşydaşy bolsa Kakanyň ýaşaýjysy, Kakadaky10-nji orta mekdebiň direktorynyň orunbasary bolup işleýän Oguljeren Gurdowa diýip, türkmen metbugaty habar berýär.

Bellemeli ýeri, prezident Berdimuhamedowyň ogly Serdaryň resmi terjimehaly Azatlyk radiosyna, şol sanda türkmenistanlylaryň giň köpçüligine ilkinji gezek mälim bolýar, sebäbi bu terjimehal 9-njy martda türkmen gazetlerinde türkmen we rus dillerinde çap edildi.

(Maglumat üçin, şu ýerde Serdar Gurbanguluýewiç Berdimuhamedowyň resmi terjimehalyny ýerleşdirýäris:

"S.Berdimuhamedow 1981-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde doguldy, milleti türkmen;

1987-1997-nji ýyllarda Aşgabatdaky 43-nji ortda mekdepde okady, 1997-2001-nji ýyllarda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde okady we ony inžener-tehnolog hünäri boýunça tamamlady;

2001-nji ýylyň iýul-noýabr aýlarynda Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň daşary ykdysady aragatnaşyklar müdirliginiň baş hünärmeni bolup işledi, 2001-2003-nji ýyllarda harby gullukda boldy;

2003-2008-nji ýyllarda Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň miwe, gök ekin senagaty boýunça esasy bölüminiň baş hünärmeni, alkogolsyz, piwe we çakyrçylyk senagaty boýunça esasy bölümiň baş hünärmeni bolup işledi;

2008-2011-nji ýyllarda Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň Diplomatik akademiýasynda okady we ony halkara gatnaşyklary boýunça hünärmen hünäri boýunça tamamlady, şol ýyllarda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Moskwa şäheri) ilçihanasynyň geňeşçisi wezipesinde işledi;

2011-2013-nji ýyllarda Ženewadaky Howpsuzlyk syýasaty merkezinde okap, ony halkara we ýewropa howpsuzlygy boýunça hünärmen hünäri boýunça tamamlady, şol ýyllarda BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky (Ženewa şäheri) Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasynyň geňeşçisiniň wezipesinde işledi;

2013-nji ýylyň awgust-dekabr aýlarynda Tükrkmenistanyň DIM-niň Ýewropa ýurtlary bölüminiň başlygy wezipesinde işledi;

2013-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky nebit-gaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktorynyň orunbasary bolup işledi;

2016-2017-nji ýyllarda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara habarlar departamentiniň başlygy wezipesinde işledi;

2017-nji ýylyň mart aýyndan bäri Türkmenistanyň Mejlisiniň kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygy wezipesinde işleýär, Türkmenistanyň Mejlisiniň 5-nji çagyrylyşynyň deputaty, maşgalaly, dört çagasy bar, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlendi" diýip, "Türkmenistan" gazetiniň 9-njy martdaky sanynda habar berilýär.

Mundan öň sosial ulgamlarda Serdar Berdimuhamedowyň ylymlaryň kandidaty, ylymlaryň doktory diýen alymlyk derejelerini alandygy barada hem habarlar çykypdy, emma resmi terjimehalda bu maglumat agzalmaýar.

Şeýle-de S.Berdimuhamedowyň harby çini, alan at-derejeleri we döwlet sylaglary, atasynyň adyndaky medal bilen sylaglanyşy terjimehala girizilmändir.)

Azatlyk radiosy ozal öz çeşmeleriniň maglumatlary esasynda Serdaryň wezipe basgançagyndan ýokary galşy hakyndaky maglumatlary çap edipdi we olar indi resmi metbugatda tassyk bolýar.

Serdar Berdimuhamedow geçen ýylyň martynda häzirki saýlaw okrugyndan ilkinji gezek deputatlyga saýlandy.

Şeýle-de, türkmen metbugatyndan belli bolşuna görä, parlamentiň 6-njy çagylyşyna saýlanmaga dalaş edýänleriň 30-a golaýy öňki deputatlar bolup durýar. Mundan-da beteri, Serdar Berdimuhamedow ýaly, täzeden mejlise deputat bolmaga dalaş edýän 30 çemesi öňki deputatyň tas hemmesi parlamentde dürli komitetlere ýolbaşçylyk eden adamlar bolup durýar. Olaryň arasynda parlamentiň başlygy Akja Nurberdiýewa, başlygyň orunbasary Gülşat Mämmedowa dagy hem bar.

Mundan başga, deputatlyga hödürlenýänleriň aglaba köplügini Dempartiýanyň, Agrar partiýanyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Ýaşlar guramasynyň ýolbaşçylary, biznesmenler, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, bilim, saglygy saklaýyş ulgamynyň ýolbaşçylary tutýar.

Elbetde, kandidatlaryň arasynda iki-ýeke ýönekeý adamlar hem bar.

Şeýle-de synçylar kandidatlaryň arasynda ozal kandidatlyga hödürlenip, geçmedik dalaşgärleriň, mysal üçin, “Watan” teleprogrammasynyň baş redaktory Nurberdi Dädebaýewiň we beýlekileriň hem bardygyny belleýärler.

Ýerli synçy Amanmyrat Bugaýewiň pikirine görä, kandidatlaryň saýlaw kampaniýalarynda aýdýan zatlaryndan çen tutulsa, olar ýurtda hiç bir problema görmeýär we öňki deputatlar nähili işlän bolsa, şolar ýaly işlejekdiklerini tassyklaýarlar.

Ýatladýarys, 25-nji martda milli parlamente geçiriljek saýlawlarda mejlisiň 125 ornuna 284 kandidat dalaş eder.

Gepiň gerdişine aýdylsa, Türkmenistanda şu wagta çenli halkara guramalary tarapyndan azat we adalatly geçirildi diýlip baha berlen ýeke saýlaw hem geçirilmedi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG