Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Malala ekstremistik ideologiýa garşy göreşmäge çagyrýar


Malala Ýousafzaýi

Pakistanly Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi Malala Ýousafzaýi ekstremistik ideologiýalara we aýal-gyzlaryň ala tutulmagyna garşy aýgytlaýjy çäreleri geçirmäge çagyrdy.

“Men köp adamlaryň diňe bir ekstremizme däl, eýse ideologiýa garşy hem çykjakdyklaryna umyt edýärin” diýip, Malala anna güni beren interwýusynda belledi.

ABŞ-nyň gepleşiginde eden çykyşynda Malala: Biz aýallaryň erkeklerden ala tutulýan, olaryň bilim almak hukugyny çäklendirýän ideologiýa garşy göreşmelidiris” diýip, hem sözüne goşdy.

20 ýaşly Malala 2012-nji ýylda mekdepden öýüne dolanyp gelýän pursady “Talyban” söweşijisi tarapyndan kellesine atylypdy. Jeňçiler Malalanyň gyzlaryň bilim almagy ugrunda kampaniýa alyp baranlygy üçin, oňa hüjüm edipdiler.

Malala 2014-nji ýylda Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyny aldy. Ol häzir Oksford Uniwersitetinde bilim alýar.

XS
SM
MD
LG