Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ozalky rus içalysy bosgunlykda hem maglumat beripdir


Ozaly rus içalysy Sergeý Skripal
Ozaly rus içalysy Sergeý Skripal

Nerwleri ysmaz edýän gaz bilen zäherlen ozalky rus içalysy, içaly alyş-çalyşygyndan soň, 2010-njy ýylda Britaniýa aşanyndan hem soň, Günbatar aňtaw gulluklaryny maglumat bilen üpjün etmegini dowam etdiripdir.

Habar agentlikleri Britaniýanyň howpsuzlyk gulluklaryndaky çeşmelerine salgylanyp berýän maglumatyna görä, Sergeý Skripal Günbatar agentleri bilen Russiýanyň aňtaw mümkinçilikleri barada maslahat edipdir.

66 ýaşly Sergeý Skripal we onuň 33 ýaşly gyzy Ýuliýa Britaniýanyň Salisburi sebitindäki bir söwda merkezinde oturgyjyň üstünde bihuş ýagdaýda tapylandan soň, olaryň saglyk ýagdaýynyň “agyrdygy” aýdylýar.

Skripal 2004-nji ýylyň dekabrynda Moskwada tutulyp, 2006-njy ýylda Moskwanyň harby kazyýeti tarapyndan “içalylyk formasynda ýokary dönüklikde” günäli tapyldy.

Ol Russiýanyň Ýewropada gizlin iş alyp barýan agentleriniň kimlerdigini Britaniýanyň gizlin aňtaw gullugy MI6-a paş etmekde günäli tapyldy. Ol bu maglumaty bereni üçin MI6-dan 100 müň dollar pul alypdyr.

Skripal 2010-njy ýylda Russiýa bilen edilen içaly çalşygynyň netijesinde azatlyga çykypdy.

XS
SM
MD
LG