Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin eger ruslar ABŞ-nyň saýlawlaryna gatyşan bolsalar, muňa “parh bermeýändigini” aýtdy


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin eger-de rus raýatlary ABŞ-nyň 2016-njy ýyldaky prezidentlik saýlawlaryna gatyşmak islän hem bolsalar, ol muňa “asla parh bermeýändigini” aýdyp, Kremliň bu işlere baş goşmandygyny belledi.

“Näme sebäpden rus resmileriniň, ýa meniň muny etmäge rugsat berendigini çaklaýarsyňyz?” diýip, Putin NBC News telekanalyna beren interwýusynda aýtdy.

ABŞ-nyň ýörite geňeşçisi Robert Mueller geçen aý 13 russiýala we üç rus kompaniýasyna, şol sanda “Rus troll zawody” diýip bilinýäne garşy ABŞ saýlawlaryna gatyşmak we beýleki aýyplamalar boýunça günä bildiripdi.

“Olar rus bolanda näme? 146 million rus bar. Indi näme... Men aladalanmaýaryn. Men muňa asla parh bermeýärin... Olar rus hökümetini aňlatmaýar” diýip, Putin NBC News telekanalyna beren interwýusynda nygtady.

Putin ady geçýän ruslaryň “hökümete işlemeýändigini” aýdyp, “belki-de, olaryň prezidentlige dalaşgärleriň biri üçin işländiklerini” öňe sürdi.

Aýyp bildirilen şahslaryň arasynda Ýewgeniý Prigožin hem bar, ol prezident Wladimir Putin bilen gatnaşyklary üçin “baş aşpez” diýip tanalýar. Prigožin Sankt-Peterburgda ýerleşýän, “Rus troll zawody” hem diýip bilinýän, Internet Ylmy-Barlag Agentligini maliýeleşdirmekde aýyplanýar.

Mýulleriň edarasy tarapyndan çap edilen 37 sahypalyk dokumente garamazdan, Putin gürrüňi gidýän şahslaryň kanuny bozandygy barada delilleriň ýokdugyny aýtdy. Şeýle-de, ol aýyplanýanlaryň sud edilmegi üçin hiç haçan ABŞ-a ekstradisiýa edilmejekdigini hem açyk aýtdy.

Putin Kremliň ABŞ-nyň saýlawlaryna gatyşandygy baradaky aýyplamalary ret edip gelýär. Şol bir wagtda, geçen ýyl ABŞ-nyň aňtaw gulluklary Putiniň hut özüniň 2016-njy ýyldaky saýlawlara goşulmak kampaniýasyna ýolbaşçylyk edendigi barada netije çykarypdylar.

“Müňlerçe mil uzaklykdaky Russiýanyň saýlawlaryň netijesine täsir edendigine kim ynanar? Bu siziň özüňiz üçin hem gülkünç bolup eşidilenokmy?” diýip, Putin NBC telekanalynyň alyp baryjysyna ýüzlendi.

XS
SM
MD
LG