Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýda prezidentlik möhletini aradan aýyrmak ugrunda ses berilýär


Hytaýyň prezidenti Şi Jinping

Hytaýyň parlamentiniň ýurtda prezidentlik möhletini aradan aýyrýan konstitusion üýtgetmäni kabul etmegine garaşylýar. Munuň prezident Şi Jinpingiň häkimiýet başynda ömürlik galmagyna ýol açjakdygyna üns çekilýär.

Ses berilişik Halkyň Milli Kongresinde geçip, onda 3 müňe golaý adam ses berer.

Häzirki kanunçylyga görä, şol bir adam iki möhletden artyk prezident bolup bilmeýär. Hytaýda prezidentlik möhleti bäş ýyldyr.

Ýurduň öz içinde tankydy sesler berk sem edilse-de, daşary ýurtlarda okaýan käbir hytaý talyplary bu täze düzedişlere aladalanma bildirdiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG