Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wenada Eýranyň ilçisiniň rezidensiýasynyň daşynda sakça topulan hüjümçi atylyp öldürildi


Awstriýanyň polisiýasy

Polisiýa Awstriýanyň paýtagty Wenada Eýranyň ilçisiniň rezidensiýasynyň daşynda sakça pyçakly topulan adamyň atylyp öldürlendigini aýtdy.

Polisiýanyň metbugat-wekili Harald Soerosyň 12-nji martda aýtmagyna görä, 26 ýaşly hüjümçi binanyň daşynda gözegçilikde duran sakçy tarapyndan oka tutulansoň, "dessine ölüpdir”.

Gijäniň ýarynda bolan hüjüm zerarly sakçy eline ýaralanypdyr. Hüjümiň sebäpleri dessine mälim edilmedi.

Metbugat wekiliniň aýtmagyna görä, sakçy başda ok atmagyndan ozal burçly gazy ulanypdyr.

Goranmak ministrliginiň metbugat wekili deslapky netijelere görä, sakçynyň “düzgüne görä hereket’ edendigini aýtdy.

Eýranyň ilçisiniň rezidensiýasy Ikinji Jahan urşunyň dowamynda nasistler tarapyndan ýewreý jaý eýesinden zor bilen alnan Willa Blaimşeýn köşgünde ýerleşýär.

Polisiýanyň aýtmagyna görä, şäherdäki ähli diplomatik missiýalarynda howpsuzlyk şertleri güýçlendirildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG