Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ, Orsýet dünýäniň esasy ýarag söwdegärleri bolmagynda galýar


ABŞ-nyň we Polşanyň bilelikdäki harby türgenleşikleri
ABŞ-nyň we Polşanyň bilelikdäki harby türgenleşikleri

Birleşen Ştatlar dünýäniň esasy ýarag söwdegäri bolmagynda galýar we onuň geçen bäş ýylyň dowamynda satan ýaragy global ýarag söwdasynyň 34%-ni emele getirýär diýlip, täze barlaglarda aýdylýar.

Stokholmyň halkara barlaglar institutynyň (SIPRI) 11-nji martda çap eden maglumatyna görä, Orsýet ýarag eksportynyň möçberi boýunça dünýä derejesinde ikinji ýerde barýar.

ABŞ-nyň ýarag söwdasynyň möçberiniň 2008-2012-nji ýyllaryň görkezijilerinden 30% ýokarlanandygyny SIPRI aýdýar.

ABŞ-nyň ýaragy dünýäniň azyndan 98 ýurduna satylýar, onuň esasy bölegini söweş we transport uçarlary emele getirýär diýlip, SIPRI-niň maglumatynda bellenýär.

Şeýle-de, barlaglar toparynyň bellemegine görä, Orsýet dünýäniň 47 ýurduna we Ukrainanyň gündogarynda Moskwa tarapyndan goldanýan separatistlere ýarag satýar. Umuman, Orsýetiň ýarag söwdasynyň möçberi ozalky bäş ýyllyk döwür bilen deňeşdirilende 7% pese gaçypdyr.

Fransiýa ýarag eksporty boýunça dünýä derejesinde üçünji ýerde durýar we global ýarag söwdasynyň 6.7%-ni emele getirýär, onuň yzyndan Germaniýa we Hytaý barýar.

XS
SM
MD
LG