Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti şu ýylky pagta ekişliginiň senesini belledi


Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow pagta meýdanynda, 21-nji sentýabr, 2014 (arhiw suraty)
Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow pagta meýdanynda, 21-nji sentýabr, 2014 (arhiw suraty)

Türkmenistanda şu ýylky pagta ekişliginiň resmi senesi bellendi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda pagtany ekmek üçin 23-nji marty, Daşoguz üçin 28-nji marty saýlap aldy.

“Prezident möhüm waka üçin badalganyň ýaşulularyň gatnaşmagynda berilmegine isleg bildirdi” diýip, TDH döwlet informasion agentligi habar berdi. Resmi maglumatda, şu ýyl göz öňünde tutulýan pagta planyna degişli sanlar görkezilmedi.

Türkmenistanda esasy ekerançylyk önümleri bolan pagtanyň we gallanyň plany döwlet baştutany tarapyndan kesgitlenýär. Ozalky ýyllarda ýyllyk pagta plany üýtgewsiz 1 million 50 müň tonna möçberinde kesgitlenipdi.

Pagta Türkmenistanyň dokma senagatynyň esasy çigmaly bolup durýar, şeýle-de Orsýete, Hytaýa, Günorta Koreýa, Türkiýä, Beýik Britaniýa we ýene birnäçe ýurda eksport edilýär.

Halkara guramalary Türkmenistanyň öz pagta önümçiliginde mejbury zähmet güýjüni ulanmagyny, şol sanda býujet işgärlerini çekmegini yzygiderli tankyt edýärler.

XS
SM
MD
LG