Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýä belli alym Stiwen Hoking aradan çykdy


Stiwen Hoking

Iň meşhur teoretik-fizikleriň biri bolan britan alymy Stiwen Hoking 76 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Ol Kembridjdäki öýünde dünýäden ötdi.

Hoking kwant kosmologiýasynyň düýbüni tutanlaryň biridi. Ol dünýäniň Uly partlamanyň netijesinde döremeginiň teoriýasyny öwrenýärdi we gara degişler teoriýasy ugrunda hem köp iş edipdi.

Stiwen Hoking dünýäniň döreýşi, giňişligiň we wagtyň gelip çykyşy, gara deşikler barada “Döwrüň gysgaça taryhy” atly ylmy-populýar kitabyň awtory hökmünde uly meşhurlyk gazandy. Bu kitabyň 10 milliondan gowrak sany satyldy.

1963-nji ýylda amiotrofik skleroz keseline uçran alym ömrüniň aglaba bölegini ysmaz ýaşap geçirdi. 1985-nji ýyldan soň geplemek üçin ýörite guraly ulanmaly boupldy. Ömrüniň soňky ýyllarynda alym öz çekgesinde berkidilen gural arkaly öz komýuterinden peýdalanyp bilipdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG