Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda söweşijileriň hüjümlerinde azyndan 10 howpsuzlyk wekili wepat boldy


Owganystanyň kartasy

Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň azyndan 10 wekili ýurduň günbatar we günorta böleklerinde bolan aýra-başga hüjümlerde wepat boldy diýip owgan resmileri habar berýärler.

Farah regionynyň geňeşiniň agzalarynyň aýtmagyna görä, 14-nji martda irden hüjümçileriň howpsuzlyk nokadyna uran zarbasynyň netijesinde azyndan sekiz sany howpsuzlyk wekili wepat boldy we ençemesi ýaralandy.

Welaýatyň geňeşiniň ýolbaşçysy Farid Ahmad Bakhtawar regionyň paýtagty Farah şäheriniň eteginde bolan hüjümde “Talybanyň” azyndan 15 sany söweşijisiniň öldürlendigini aýtdy.

Geçen hepdede “Talybanyň” amala aşyran ençeme ganly hüjümiň yzýanyna gabat gelen soňky hüjümiň jogapkärçiligini hiç bir topar dessine öz üstüne almady.

Helmand welaýatynda öz janyndan geçen hüjümçi ýük ulagyny barlag-geçiş nokadyna sürüp, azyndan iki sany serhetçini öldürdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG