Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýanyň premýer-ministriniň Orsýete garşy çäreleri yglan etmegine garaşylýar


Britaniýanyň premýer-ministri Teresa Maý, London, 12-nji mart, 2018
Britaniýanyň premýer-ministri Teresa Maý, London, 12-nji mart, 2018

Britaniýanyň premýer-ministri Teresa Maýiň 14-nji martda Orsýete garşy çäreleri yglan etmegine garaşylýar. Orsýet Britaniýanyň Ikinji Jahan Urşundan galan zäheriň öňki orsýetli gizlin agenti Britaniýada zäherlemek üçin nädip ulanylandygy baradaky soragyna jogap bermek üçin London tarapyndan kesgitlenen wagt möhletine äsgermezçilik bildirdi.

ABŞ, Ýewropa Bileleşigi we NATO Sergeý Skripaly we onuň gyzyny zäherlemegiň arkasynda Orsýetiň durandygyny aýdan Britaniýa goldaw bildirdiler. Zäheriň nerwe täsir ediji “Nowiçok” atly serişdeler toparynyň düzümine girýän howply himiki jisimdigi anyklandy.

Britaniýanyň premýer-ministri Maý Moskwanyň seýrek nerw serişdesiniň nädip Londonda peýda bolandygy barada düşündiriş bermegi üçin 13-nji martyň gijesine çenli wagt möhletini beripdi.

Britaniýa tarapyndan kesgitlenen wagt möhletiniň öňüsyrasynda Kreml Skripalyň zäherlenmegine Orsýetiň gatnaşygyny ret etdi we Moskwa garşy islendik çärä jogap berjegini aýtdy.

XS
SM
MD
LG