Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusdan Orsýete geçmekçi bolan iki türkmenistanly administratiw jogapkärçiligine çekildi


Orsýetiň Belarus bilen serhet ýakasyndaky Newel regiony

Orsýetiň Newel raýonynyň sudy Türkmenistanyň iki raýatyny administratiw jogapkärçiligine çekdi.

Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugynyň resmi maglumatyna görä, 12-nji martda gije iki sany türkmenistanly student Belarusdan Orsýet Federasiýasynyň territoriýasyna girjek bolanda tussag edilipdir.

Maglumata görä, Belarusda bilim alýan 1997-nji ýylda doglan student gyzyň wizasy gutarypdyr, emma ol ýurdy terk etmänsoň, administratiw jogapkärçiligine çekilip, oňa Belarusa 2020-nji ýyla çenli girmek gadagan edilipdir. Mundan soň türkmenistanly ýaşlar okuwyny Orsýetde dowam etdirmek kararyna gelip, otluly Orsýete barmaga synanyşanda pasport gözegçiliginde saklanypdyr.

Orsýetiň Newel etrap sudunyň kararyna görä, iki türkmenistanly administratiw jogapkärçiligine çekildi we olara jerime salyndy. Türkmenistanyň raýatlarynyň şahsyýeti barada jikme-jik maglumat berilmeýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG