Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Nowruz baýramy mynasybetli welaýatlardan 800 çemesi adam Aşgabada bardy


“Ahal ýaýlasynda” bellenilýän Nowruz baýramy. Arhiwden alnan surat

Türkmenistanda 21-nji martda bellenilýän Nowruz baýramyna bagyşlanyp geçiriljek baýramçylyk çärelerine köpçülikleýin taýýarlyk görlüp başlandy. Bu waka türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Nowruz baýramy mynasybetli guraljak çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrmagyndan iki gün soňa gabat geldi.

Читайте также на русском

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylarynyň we çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, bu taýýarlyk çärelerine gatnaşmak üçin ýurduň welaýatlaryndan medeniýet we aň-bilim pudagynda işleýän 800-e golaý adam 14-nji martda Aşgabada geldi.

“Her welaýatdan ortaça 150 çemesi adam Nowruz baýramyna görülýän taýýarlyklara gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine geldiler. Daşoguz, Balkan welaýatyndan, esasan, ýolagçy otlusy bilen geldiler” diýip, sebitlerden gelen aýdym-saz we tans toparlaryna ýolbaşçylyk edýän welaýat häkimlikleriniň medeniýet bölüminiň işgärleri bilen söhbetdeş bolan Aşgabatda ýaşaýan synçy Amanmyrat Bugaýew aýtdy.

Aýdylmagyna görä, paýtagtdan 20 kilometr töweregi uzaklykdaky “Ahal ýaýlasynda” bellenilýän Nowruz baýramyna gatnaşjak adamlaryň ählisi birikdirilip, bir hepdäniň dowamynda ýörite režissýoryň ýolbaşçylygynda taýýarlyk çärelerini geçirerler.

Çärä gatnaşmak üçin ýurduň sebitlerinden gelen adamlaryň tas 10 güne golaý wagtyň dowamynda etjek çykdajylarynyň welaýat häkimlikleri tarapyndan üpjün edilmelidigi aýdylýar.

Emma çärä gatnaşýanlaryň 10-a golaýynyň tassyklamagyna görä, olara ýaşamak üçin jaý, myhmanhana ýa-da umumy ýaşaýyş jaýlary berilse-de, olar ýol harajatlaryny ýa-da naharlanmak üçin çykdajylaryny häzirlikçe öz jübülerinden etmeli bolýarlar. Bu bolsa, fewral aýynyň zähmet hakyny henizem alyp bilmedik “çäreçileri” has-da çykgynsyz ýagdaýa salýar.

“Biz otly biletlerimizi özümiz satyn aldyk. Bu ýerde etjek çykdajylarymyzyň tas ählisinem özümiz tölemeli. Elbetde, bize Aşgabatdan geleniňizden soň, eden çykdajylaryňyzyň öwezini dolarys diýdiler. Ýöne bu ýere gelenleriň 35-40 göterimine fewralyň aýlygy henizem berilmedi. Käbir adamlar maşgala býujetindäki artyk pulundan alan bolsa, köp kişi tanyş-bilşinden ýa-da dogan-garyndaşyndan karz alyp geldi. Başga alaç ýok, işiňi ýitirmejek bolsaň, aýdylan zady edäýmeli” diýip, özüni Aýbölek diýip tanyşdyran balkanly medeniýet işgärleriniň biri gürrüň berdi.

Üstesine ol fewral aýynyň zähmet hakyna 8-nji mart Halkara aýal-gyzlar güni mynasybetli berilmeli 40 manadyň hem goşulyp berilmelidigini aýdyp, häzirlikçe ne aýlyklaryny, ne-de prezidentiň adyndan gowşurylmaly pul sowgadyny alyp bilendiklerini hem sözüniň üstüne goşdy.

Ýatladyp geçsek, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan berilen bu pul sowgady 2018-nji ýylyň 1-6-njy marty aralygynda ýurduň aýal-gyzlaryna doly gowşurylmalydy.

12-nji martda geçirilen Ministrler Kabinetiniň iş maslahatynda türkmen prezidentiniň Nowruz baýramynyň dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklar berendigini, Türkmen döwlet habarlar (TDH) gullugy habar beripdi. Emma bu tabşyryklaryň jikme-jikleri aýdyňlaşdyrylmandy.

Şol bir wagtyň özünde, türkmen häkimiýetleri Nowruz baýramy mynasybetli meýilleşdirilen dabaralary “ýokary guramaçylykly geçirmegi” tekrarlasalar-da, bu taýýarlyk çäreleriniň raýatlara näçä düşýändigi, näçe adamyň iş, okuw we dynç alyş wagtyny alýandygy barada mesele gozgamaýarlar. Işgärleriň, okuwçylaryň we studentleriň ýurtda geçirilýän köpçülikleýin çärelere mejbury gatnaşdyrylýandygy barada-da kelam agyz söz aýdylmaýar.

Maglumat üçin aýtsak, 21-nji martda Türkmenistanda bag ekmek boýunça ählihalk ýowarynyň hem geçirilmegine we 3 million düýp nahalyň oturdylmagyna garaşylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG