Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýa 23 rus diplomatyny ýurtdan kowup, zäherli gaz boýunça Moskwa garşy çäre görýär


Britaniýanyň premýer-ministri Tereza Meý
Britaniýanyň premýer-ministri Tereza Meý

Ozalky rus içalysyny Sowuk urşy döwrüniň himiki ýaragy bilen Britaniýada zäherläp öldürmäge synanyşmakda aýyplanýan Moskwa özüne berlen wagtyň dowamynda düşündiriş bermändigi üçin Britaniýa 23 orsýetli diplomaty ýurtdan kowýar.

14-nji martda eden çykyşynda premýer-ministr Tereza Meý (Theresa May) ýurtdan kowulýan diplomatlara bir hepde wagt berdi we olary “hasaba alynmadyk ýörite gullugyň ofiserleri” atlandyrdy.

Meý bu çäräni soňky 30 ýylyň dowamynda san taýdan iň köp orsýetliniň ýurtdan kowulmagy häsiýetlendirdi. Şeýle-de bu çäräniň rus ýörite gulluklarynyň Britaniýadaky hereket mümkinçiliklerine zarba urjakdygyny aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde ol Britaniýanyň Orsýet bilen ähli ýokary derejeli gatnaşyklary togtadýandygyny, rus daşary işler ministri Sergeý Lawrowa edilen çakylygyň ýatyrylýandygyny we britaniýaly ministrleriň hem-de şa maşgalasynyň öňümizdäki tomusda Orsýetde geçiriljek Dünýä çempionatyna gatnaşmajakdygyny aýtdy.

Ozalky rus içalysynyň Sowuk urşy döwründe oýlanyp tapylan zäher bilen zäherlenmegi boýunça London Moskwadan düşündiriş sorapdy. Moskwa berlen wagt 14-nji martda ýary gije doldy. Bu mesele boýunça Britaniýa bilen Orsýeti arasyndaky dikleşmeler, görnüşinden, dowam edýär.

Britaniýanyň premýer ministri Tereza Meý Sergeý Skripalyň we onuň gyzynyň Sowet goşunynyň oýlap tapan “Nowiçok” atly gaz bilen zäherlenmeginde Orsýetiň “eli bardyr” diýdi. Bu çykyşdan soň Birleşen Ştatlary, Ýewropa Bileleşigi we NATO Britaniýany goldap çykyş etdi.

Orsýet güman edilýän zäherden nusga almasa Tereza Meýiň beren ultimatomyna jogap bermejekdigini aýdyp, aýyplamalary ret edýär.

13-nji martda Orsýetiň Londondaky ilçihanasy bu mesele bilen bagly beýanat ýaýratdy:

“Moskwa agzalýan himiki jisimden bir nusga alýança Londonyň ultimatomyna jogap bermez. Orsýete garşy islendik jeza haýbatyna gaýtawul berler” diýip, beýanatda aýdylýar.

Bu aralykda, britan polisiýasy Skripalsyň 4-nji martda zäherlenmegi bilen bagly alnyp barylýan derňewiň hepdeläp dowam etjekdigini, özleriniň bu derňew boýunça heniz anyk bir adamy soraga çekmäge taýýar däldigini aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen Meýiň arasynda 13-nji martda geçirilen telefon söhbetdeşliginden soňra Ak tam Britaniýanyň çykyşyna goşulyp, “Orsýetde öndürilen himiki ýaragyň Birleşen Karollykda ulanylmaga boýunça bar bolan jogapsyz soraglara” Orsýetden jogap talap edýär.

“Halkara normalaryny göz-görtele bozup, şeýle zyýanly ýaraglary ulanýanlara garşy çäre görülmelidigi dogrusynda iki lider ylalaşdy” diýlip, beýanatda aýdylýar.

Meý zäherli maddanyň Angliýa nädip gelip düşendigi barada düşündiriş bermegi üçin Moskwa 13-nji mart ýary gijä çenli wagt berdi. Ol bu hüjüme gaýtawul hökmünde dürli ykdysady we diplomatiki çäreleri göz öňünde tutýandygyny aýtdy.

Tereza Meý 14-nji mart güni irden howpsuzlyk geňeşiniň ýygnagyny geçirdi.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Moskwada žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda öz ýurdunyň agzalýan zäherli jisimden bir nusga görmek isleýändigini aýtdy. Ol bu hadysa bilen bagly Moskwanyň gatyşygyny ret edip, “Orsýet bigünä”diýdi.

“Biz bu zatlar boş gürrüň diýip beýanat ýaýratdyk. Biziň bu waka bilen hiç hili ilteşigimiz ýok” diýip, Lawrow aýtdy.

Britaniýanyň Himiki ýaraglary gadagan etmek boýunça guramadaky ilçisi Orsýetiň öz ambarlarynda saklaýan zyýanly zäherli gazlary barada gurama giňişleýin maglumat bemändigini aýtdy.

Piter Wilson žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda, 2017-nji ýylda Wladimir Putin Himiki ýaraglary gadagan etmek boýunça guramanyň gözegçiliginde ýurduň ähli himiki ýaraglary ýok edildi diýip aýdandygyny ýöne muňa garamazdan Orsýetiň uzak ýyllaryň dowamynda öz himiki ýarag programmasyny ýaşyryp gelýändigini aýtdy.

Wilson britan hökümetiniň Orsýet boýunça aýyplamalaryny gaýtalap, Moskwadan aýan edilmek programmany äşgär etmegi talap etdi.

Bu aralykda, Britaniýanyň media gözegçilik guramasy “Ofcom” Kremliň hemaýatyndaky Russia Today kanalynyň rugsat hatyny täzeden gözden geçirjekdigini aýtdy.

“Ofcomyň“ ýaýradan beýanatyna jogap hökmünde Moskwa 13-nji martda çykyş edip, britan häkimiýetleri RT-ny gadagan eden ýagdaýynda, özleriniň Orsýetdäki ähli britan media guramalaryny ýapjakdygyny aýtdy.

Orsýetiň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Maria Zaharowa “Olar eger RT-ny ýapsalar Orsýetde britan media guramalaryna rugsat berilmez” diýdi.

Şeýle-de, Himiki ýaraglary gadagan etmek boýunça guramanyň başlygy 13-nji martda “himiki zäherli gazlaryň henizem adamlara zyýan bermekde ulanylmagy örän hopukdyryjy” diýdi.

Guramanyň Baş direktory Ahmet Üzümji guramanyň dolandyryjy mejlisiniň öňünde eden çykyşynda “şeýle zatlara baş goşanlar hökmany suratda jogapkärçilige çekilmeli” diýdi.

Üzümji Britaniýanyň daşary işler ministri Boris Jonsonyň 66 ýaşly Skripala we onuň 33 ýaşly gyzy Ýuliýa edilen hüjüm boýunça alnyp barylýan derňewleriň netijesini habar bermek üçin 12-nji martda özüne jaň edendigini aýtdy.

Moskwanyň harby kazyýeti 2006-njy ýylda rus harby razwedkasynyň hormatly dynç alyşdaky polkownigi Skripaly Britaniýanyň gizlin maglumat gulluklaryna syr satmakda aýyplap höküm çykarypdy.

XS
SM
MD
LG